Ï «Merw» we «Şagadam» futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda öňe saýlandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Merw» we «Şagadam» futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda öňe saýlandylar

view-icon 8108
«Merw» we «Şagadam» futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda öňe saýlandylar

Marynyň «Merw» topary we Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» topary futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda bassyr iki gezek ýeňiş gazandylar.

Milli birinjiligiň ikinji tapgyrynda türkmenbaşylylar Balkanabatda myhmançylykda Ýunus Orazmämmedowyň duşuşygyň 45-nji minutynda «Nebitçiniň» derwezesine geçiren pökgüsi netijesinde 1:0 hasabynda ýeňiş gazandylar.

«Merw» bolsa Maryda çekeleşikli geçen oýunda «Energetigi» 2:1 hasabynda utdy. Oýnuň birinji ýarymynda meýdança eýelerinden Musa Nurnazarow 29-njy minutda tapawutlandy, arakesmeden soň myhmanlardan Alibek Abdurahmanow 66-njy we 80-nji minutlarda garşydaşlarynyň derwezesine iki pökgi saldy. Goşmaça wagtyň 92-nji minutynda Serdar Annamämmedow («Energetikden») we Ýagşysähet Döwletgeldiýew («Merwden») meýdançadan çykaryldy.

Şu ýeňişdem soň «Şagadam» we «Merw» 6 utuk bilen ýaryşda öňe saýlandylar. «Köpetdagyň», «Altyn asyryň» we «Ahalyň» 3 utugy bar. Ýöne soňky iki topar bir oýun az oýnady.