Ï Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

view-icon 5384

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Singapur Respublikasynyň Prezidenti hanym Halima Ýakoba, Premýer-ministr Li Sýan Luna hem-de ýurduň ähli halkyna Singapur Respublikasynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini we ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň giňeldilmegi üçin bilelikdäki tagallalary dowam etdirmäge taýýardygyny belläp, onuň halklarymyzyň abadançylygyna oňyn täsirini ýetirjekdigine pugta ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident hanym Halima Ýakoba hem-de Premýer-ministr Li Sýan Luna tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Singapur Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.