mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmen kompozitorlarynyň sazlary OperaFirst 2022 festiwalynda ýaňlanar

view-icon 4656
Türkmen kompozitorlarynyň sazlary OperaFirst 2022 festiwalynda ýaňlanar

Hazarýaka döwletleriniň bäşisiniň – Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Russiýanyň saz medeniýeti “OperaFirst 2022” festiwalyna gatnaşar. Şeýle uly möçberli saz forumyny 2-11-nji sentýabr aralygynda Astrahan şäherinde (Russiýa Federasiýasy) geçirmek göz öňünde tutulýar.

Ol Musorgskiniň «Howanşşina» operasy bilen açylar. Festiwal hepdeliginiň dowamynda Uly teatryň prima balerinasy, Russiýa Federasiýasynyň halk artisti Swetlana Zaharowanyň we opera aýdymçysy Hibla Gerzmawynyň gatnaşmagynda «Russiýanyň güni» konserti bolar.

Saz festiwalynyň myhmanlary her gün Hazar ýaka ýurtlarynyň tanymal kompozitorlarynyň sazlary bilen tanşarlar.

7-nji sentýabrda «Türkmenistanyň güni» geçiriler. Pianinoçy Mämmet Guseýnowyň we opera aýdymçysy Darýa Guseýinowanyň taýýarlan konsertinde tomaşaçylar kompozitorlar Nury Halmämmedowyň, Daňatar Öwezowyň, Çary Nurymowyň, Jeren Gurbangylyjowanyň we Röwşen Nepesowyň döredijilik mirasy bilen tanyşarlar.

Hazar nusgawy saz festiwaly dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we Hazarýaka halkarynyň dürli saz medeniýetini açyp görkezmäge gönükdirilendir.