Ï Türkmenistanda salkyn howanyň bolmagyna garaşylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda salkyn howanyň bolmagyna garaşylýar

view-icon 3739
Türkmenistanda salkyn howanyň bolmagyna garaşylýar

Hepdäniň başynda howa salkynlap, ortaça temperatura +35 gradus bolar. Dynç günleri ýakynlanda, bu görkeziji +39° gradusa çenli ýokarlanar.

Aşgabatda açyk howa bolup, temperatura gündizlerine +32…+35, gijelerine bolsa + 20… + 22 gradus bolar. Şenbe we ýekşenbe günleri gündizlerine +37…+39 gradus bolar diýlip çak edilýär.

Ahal welaýatynda aram şemally açyk howa bolar. Temperatura gündizlerine howa +31…+36, gijelerine +22…+27 gradus bolar. Dynç günleri howanyň +39 gradus bolmagyna garaşylýar.

Balkan welaýatynda bulutly howa bolup, hepdäniň başynda gysga wagtlyk ýagyş ýagmagy mümkin. Howanyň temperaturasy gündizlerine +29…+34, gijelerine +21…+26 gradus bolar. Hepdäniň ahyrynda howanyň gündizki temperaturasy +39 gradusa çenli bolar diýlip garaşylýar.

Mary welaýatynda ýagynsyz, açyk howa bolar diýlip çak edilýär. Howa gündizlerine +35…+40, gijelerine +23…+28 gradus bolar.

Lebap welaýatynda-da şunuň ýaly howa bolar. Bu ýerde-de gündizlerine howa +35…+40, gijelerine +23…+28 gradus bolar.

Daşoguz welaýatynda howanyň temperaturasy gündizlerine +33…+38, gijelerine+22…+27 gradus bolar.