mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanda Hazar deňziniň halkara gününi bellemäge taýýarlyk görülýär

view-icon 3281
Türkmenistanda Hazar deňziniň halkara gününi bellemäge taýýarlyk görülýär
Türkmenistanda Hazar deňziniň halkara gününi bellemäge taýýarlyk görülýär
Türkmenistanda Hazar deňziniň halkara gününi bellemäge taýýarlyk görülýär
Türkmenistanda Hazar deňziniň halkara gününi bellemäge taýýarlyk görülýär

2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda Hazaryň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly Konwensiýa güýje girdi. Bu taryhy resminama 2003-nji ýylyň noýabr aýynda bäş Hazarýaka döwletleriň: Azerbaýjanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň wekilleri tarapyndan Tähranda gol çekildi.

Kenarýaka ýurtlaryň her ýyl belleýän bu baýramy deňziň ekologik howpsuzlygy meselelerine, özboluşly ekoulgamyny goldamaga we gorap saklamaga gönükdirilendir.

Bu gün Balkan welaýatynyň çäginde, esasanam, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň aýratynlyklary barada beýan edýän sergiler we dürli çäreler geçiriler.

Umumy meýdany 371 müň inedördül kilometre barabar bolan bu yklym içi iň uly howdanyň dünýä ummanyna tebigy çykalgasy ýokdur. Şol bir wagtyň özünde, Hazar deňzi haýwanlaryň köp sanly özboluşly görnüşi: Hazar düwleni, Hazar ýylan balygy, akbalyk, tirana, çöke balyk, takgaz balygy, bekre balyk, Hazar kilkasy üçin tebigy ýaşaýyş mekanydyr. Şeýle hem, deňziň suw giňişligi guşlaryň möwsümleýin göçüp gelmegi üçin iň möhüm ýerdir.

Hazar deňziniň Türkmen kenaryny öwrenen zoolog Mihail Laptew bu ýerdäki suw guşlarynyň we suw ýakasynda ýaşaýan guşlaryň gyşlagyny öwrenmegiň esasyny goýdy. 1932-nji ýylda Hazar deňziniň günorta-gündogar kenarynda ornitologik goraghana döredildi. Ol häzir “Hazar döwlet goraghanasy” diýlip atlandyrylýar. Şu ýyl onuň döredilmeginiň 90 ýyllygy bellenilýär.

Tebigaty goraýyş merkeziniň umumy meýdany, deňiz suwunyň tekizligini goşmak bilen, 268 müň gektara barabardyr. Goraghananyň ösümlik we haýwanat dünýäsi köpdürliligi bilen haýran galdyrýar. Bu ýerde guşlaryň 300-den gowrak görnüşi ýaşaýar, olaryň käbiri Türkmenistanyň Gyzyl Kitabyna girizilen. Hazar döwlet goraghanasyna gyşlamak üçin, Sibirden gotanlar, guwlar, gyzylinjikler we ýüzden gowrak göçegçi guşlar gelýär.

Hünärmenler ýurdumyzyň bu ajaýyp künjeginde ylmy-barlag işlerini dowam edýärler. Türkmen zoologlarynyň dykgatly gözegçiligi astynda sähra atlary öwrenilýär. Alymlar häzirki wagtda sähra atlarynyň we guşlaryň iýmitlenýän ösümlikleriniň nusgalaryny öwrenýärler.

Ylmy barlaglar Hazar deňziniň kenarlarynyň biodürlüligini gorap saklamaga we ösdürmäge gönükdirilendir.