Ï Türkmenistanda täze ekologiýa taslamasy işe girizildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda täze ekologiýa taslamasy işe girizildi

view-icon 5901

Türkmenistan BMG-nyň biologik köpdürlüligi goramak, çölleşmäge garşy göreş, howanyň üýtgemegi, ozon gatlagyny goramak we beýleki tebigaty goraýyş esasy konwensiýalary we olara protokollary tassyklady. Olaryň arasynda Bazel Konwensiýasy bar. Bazel Konwensiýasy adamlaryň ömrüne we saglygyna howp salýan, daşky gurşawa howply galyndylary serhetüsti daşamaygyň ýaramaz netijelerinden goramaga gönükdirlendir. Konwensiýany durmuşa geçirmegiň çäklerinde, olaryň demir ýol we awtomobil ulaglarynda daşalyşyna döwlet tarapyndan gözegçilik edilýär.

Ýurduň Bazel konwensiýasy boýunça halkara çäreleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýän Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi Araly halas etmek Halkara gaznasynyň Durnukly Ösüş boýunça Döwletara toparynyň ylmy-maglumatlar merkezine (AHHG DÖDT YMM) taslamany durmuşa geçirmegi tabşyrdy. Taslamanyň wajyplygy Türkmenistanyň Ýewraziýa yklymlarynda ýük daşalşynda ähmiýetiniň ýokarlanýandygy, ýurdumyzyň öz çägine howply galyndylary getirilmeginiň öňüni almaga taýýarlygyny üpjün etmek zerurlygy we umuman galyndylary netijeli dolandyrmak bilen şertlendirilendir.

Taslamanyň çäklerinde üç seminar geçirmek göz öňünde tutulýar, oňa gyzyklanýan taraplaryň ählisiniň -- Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Dölwet migrasiýa we Döwlet serhet gulluklarynyň, galyndylar meselesi bilen iş salyşýan beýleki pudaklaýyn edaralaryň wekilleri çagyrylar.

Seminarlar döwlet edaralarynyň işgärleriniň başarnygyny ýokarlandyrmaga gönükdiriler. Häzirki wagtda Bazel Konwensiýasynyň sekretariatyndan alnan kitapçаlar türkmen diline terjime edilýär, olarda esasy düşünjeler düşündirilýär we saklamaga, äkidilmäge ýa-da ýerinde ýok etmäge degişli galyndylar toparlary barada maglumat berilýär. Bu maglumatlary gyzyklanýan taraplaryň arasynda ýaýratmak göz öňünde tutulýar.