Ï Çagalaryň we ýaşlaryň saglygy ýagdaýy boýunça webinar geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çagalaryň we ýaşlaryň saglygy ýagdaýy boýunça webinar geçirildi

view-icon 3225

Ýakyn wagtda ildeşlerimiz COVID-19 soň çagalaryň we ýaşlaryň ýagdaýy baradaky ilkinji webinara gatnaşyp bilerler. Ol şu ýylyň 17-nji awgustynda geçiriler.

Webinaryň gidişinde keseliň epidemiologiýasy ýaly meselelere garalar, çagalaryň we ýaşlaryň COVID-19 soňky ýagdaýyna yzygiderli amala aşyrylan syn berler we ýagdaýy anyklamagyň usullary görkeziler.

Oňa gatnaşýanlar Bütindünýä saglyk guramasynyň häzirki wagtda COVID19-dan soňky ýagdaý bilen baglanyşyklylykda alyp barýan işleri bilen tanşyp bilerler.

Günorta Afrikanyň, Daniýanyň, Indoneziýanyň ylmy barlagçylarynyň we COVID-19 soň çagalaryň hem ýaşlaryň saglyk ýagdaýyny gözegçilikde saklamak boýunça ýöriteleşdirilen iri Bütindünýä toparynyň çykyşlaryna aýratyn nutuk bagyşlanar.

Keseliň irki döwründe oňa has gowy göz ýetirmek we anyklamak üçin, häzirki wagtda ilata, esasan hem ýaşlara olaryň alamatlary barada has köp maglumat gerek. Onuň aýratynlyklaryna we töwekgelçilik faktoryna düşünmek hem möhümdir. Bu webinar hut şu meselelere bagyşlanýar.

Webinara gatnaşmak isleýänler şu salgy boýunça hasaba alynýarlar. 

Mundan soň siz webinara goşulandygyňyzy tassyklaýan elektron hat alarsyňyz.