Ï «МIR» teleradiokompaniýasynyň 30 ýyllygy mynasybetli fotosuratlar bäsleşigi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«МIR» teleradiokompaniýasynyň 30 ýyllygy mynasybetli fotosuratlar bäsleşigi

view-icon 3583

«Мir» telekanaly «Komsomolskaýa prawda» mediatoparynyň KP.RU saýty bilen bilelikde Arkalaşygyň ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň hem-de Gruziýanyň medeniýetine, däplerine, nyşanlaryna we gyzykly wakalaryna bagyşlanan iň gowy fotoişleriň bäsleşigini yglan edýär.

«DÜNÝÄ owadan görünýär» atly bäsleşik Arkalayşygyň ýurtlarynda we Gruziýada görkezilýän «Мir» Döwletara teleradiogepleşikler kompaniýasynyň 30 ýyllyk ýubileýi mynasybetli geçirilýär.

Onuň guramaçylary eziz Diýaryň – şäheriň ýa-da obanyň isle dürli miweli bagy, ýatdan çykmajak şapakly gözegçilik meýdançasy, ýa bolmasa, seýrek haýwanlar ýaşaýan goraghanalar, ýa-da ýakymly sazlar we halylar satylýan bazarlar ýaly gözel ýerleri hakda suratlary kabul edýärler.

«Her birimiziň dogduk Ülkämizde – dogduk şäherimizde, obamyzda – hemişe dolanmagy isleýän, onuň gözelligini tutuş dünýa aýan edesimiz gelýän ýürege ýakyn ýerlerimiz bar» diýip, bäsleşigiň guramaçylary belleýärler.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänlerden hatlar şu ýylyň 30-njy sentýabryna çenli media@phkp.ru elektron salgyda kabul edilýär.

Işlere ses bermek 5-nji oktýabra çenli dowam eder, ygtybarly eminler 10-njy oktýabrda ýeňijileri yglan ederler. Ýeňijileriň işleri 10-njy oktýabrdan 12-nji oktýabr aralygynda çap ediler.

Bäsleşigiň düzgünleri barada maglumatlary  şu salgy boýunça alyp bilersňiz.