Ï Şaly meýdanlarynda ideg işleri alnyp barylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şaly meýdanlarynda ideg işleri alnyp barylýar

view-icon 5095

Ýurdumyzyň Lebap welaýatynda 2022-nji ýylyň hasyly üçin 10 müň 200 gektar ýerde şaly ekilip, ondan 47 müň 400 tonna şaly hasylyny almaklyk göz öňünde tutulýar. Munuň özi her gektaryň hasyllylygynyň 46,47 sentnere barabar boljakdygyny aňladýar. Öňde goýlan belent sepgide ýetmek üçin welaýatyň şalyçylary häzirki günlerde hysyrdyly zähmeti talap edýän bu ekine agrotehniki kadalara laýyklykda hyzmat edip, tutanýerli zähmet çekýärler.

Welaýat boýunça şaly ekiljek ýerleriň öňünden kesgitlenilmegi we köp suw hem-de yzygiderli idegi talap edýän topragy ekişe taýýarlamak işleriniň göwnejaý alnyp barylmagy, ekişiň öz wagtynda guramaçylykly geçirilmegi şaly meýdanlarynda gyradeň we doly gögeriş gazanylmagyny üpjün etdi. Bu möhüm azyklyk ekinine ideg işleriniň dowamynda ekin meýdanlarynda suwuň zerur bolan derejesiniň saklanylmagy, dökünleriň ýeterlik mukdarda berilmegi, ekin meýdanlarynyň haşal otlardan arassalanylmagy şalynyň oňat boý almagyna, irki ekilen ýerleriň bolsa hasyla durmagyna getirdi.

Welaýatda 2 müň 430 gektar meýdanda ekiş geçirip, ondan 11 müň 292 tonna şaly hasylyny almagy meýilleşdirýän Çärjew etrabynyň, 2 müň 225 gektara tohum taşlap, ondan 10 müň 340 tonna şaly hasylyny almagy göz öňünde tutýan Saýat etrabynyň, şeýle hem 2 müň 160 we 1 müň 870 gektara şaly ekip, ondan 10 müň 38 hem-de 8 müň 690 tonna hasyl almagy meýilleşdirýän Dänew we Halaç etraplarynyň gündogar sebitde ýokary şaly hasylyny almaklyga aýratyn goşant goşjakdyklaryny bellemek möhümdir.