Ï Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar

view-icon 2988

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz! 

Katar Döwletiniň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size we Siziň üstüňiz bilen tutuş doganlyk türkmen halkyna hijri-kamary hasaby boýunça Täze ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli mähirli gutlaglarymy ibermek meniň üçin ýakymlydyr.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we abadançylyk, Siziň ýurduňyza bolsa mundan beýläk-de öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Goý, biziň ýurtlarymyzy baglanyşdyrýan ikitaraplaýyn gatnaşyklar has-da pugtalansyn!

Tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Tamim bin Hamad AL-TANI, 
Katar Döwletiniň Emiri. 

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz! 

Size hijri-kamary hasaby boýunça Täze ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli mähirli gutlaglarymy ibermäge şatdyryn.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we abadançylyk, Siziň ýurduňyza we doganlyk türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Abdulla bin Hamad AL-TANI, 
Katar Döwletiniň Emiriniň orunbasary. 

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Katar Döwletiniň Hökümetiniň adyndan we hut öz adymdan hijri-kamary hasaby boýunça Täze ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli mähirli gutlaglarymy ibermek meniň üçin ýakymlydyr.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt, Siziň ýurduňyza hem-de doganlyk türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Halid bin Halifa bin Abdulaziz AL-TANI,
Katar Döwletiniň Premýer-ministri, içeri işler ministri.