Ï Türkmenistanyň Prezidenti halkara maslahata gatnaşyjylara wideo ýüzlenmesini iberdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti halkara maslahata gatnaşyjylara wideo ýüzlenmesini iberdi

view-icon 4512
Türkmenistanyň Prezidenti halkara maslahata gatnaşyjylara wideo ýüzlenmesini iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahatyna gatnaşyjylara wideo ýüzlenmesini iberdi.

Döwlet Baştutanymyz halkara maslahata gatnaşyjylara iberen wideo ýüzlenmesinde «Dünýä ykdysadyýetinde agdyklyk edýän häzirki zaman ýagdaýlarynyň seljermesi ulag we kommunikasiýalar ulgamynyň ösdürilmeginiň has möhüm we aýgytly ähmiýete eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär» – diýip belledi.

Şu nukdaýnazardan, täze ulag-üstaşyr merkezleriniň mümkinçilikleri örän uludygy bellenildi. Olara ägirt giňişlikler, adam mümkinçilikleri çekilýär, düýpli maýa goýumlary goýulýar. Bularyň hemmesi, ulag ulgamyny dünýä ykdysadyýetini ösdürmegiň hereketlendirijisiniň birine öwürmäge mümkinçilik döredýär.