mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanda garaşylýan howa barada gysgaça maglumat

view-icon 4155
Türkmenistanda garaşylýan howa barada gysgaça maglumat

Hepdäniň dowamynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda howanyň temperaturasy +35 gradusdan ýokarda bolup, dynç günleri howa ýene-de +40 gradusa çenli gyzar.

Aşgabat şäherinde güneşli howa bolup, temperatura gündizlerine +32… +34, gijelerine +18…+20 gradus bolar. Dynç günleri howa +37…+39 gradusa yssy bolar.

Ahal welaýatynda şemally, açyk howa bolar. Termometr gündizlerine +29…+34, gijelerine +17…+22 gradusy görkezer. Dynç günleri +40 gradusa çenli yssy howa garaşylýar.

Balkan welaýatynda şemally we az-kem bulutly howa bolup, temperatura gündizlerine +32…+37, gijelerine +20…+25 gradus howanyň bolmagyna garaşylýar. Hepdäniň ahyryna howanyň gündizki temperaturasy +41 gradusa çenli ýeter diýlip çaklanylýar.

Mary welaýatynda güneşli howa bolup, termometriň simap sütüni gündizlerine +29… +34, gijelerine +17…+22 gradusy görkezer. Dynç günleri gündizki temperatura +40 gradusa çenli ýokarlanar.

Lebap welaýatynda aram şemally howa bolup, termometr gündizlerine +30…+35, gijelerine +16…+21 gradusy görkezer. Şenbe we ýekşenbe günlerinde +40 gradusa çenli yssy bolar.

Daşoguz welaýatynda gündizlerine +28…+33, gijelerine +15…+20 gradus howa bolup, dynç günleri howanyň temperaturasy +39 gradus töweregi bolar.