Ï Ulag ulgamyna degişli halkara forumyň netijeleri boýunça brifing
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ulag ulgamyna degişli halkara forumyň netijeleri boýunça brifing

view-icon 6466
Ulag ulgamyna degişli halkara forumyň netijeleri boýunça brifing

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň “Berkarar” myhmanhanasynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň hem-de oňa gabatlanyp guralan çäreleriň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi. «Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeleşdirmek» diýen ugur boýunça forum Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan guraldy.

15-16-njy awgustda utgaşykly görnüşde geçirilen maslahata onlarça döwletleriň we abraýly halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, bu forumy geçirmek başlangyjy Türkmenistan tarapyndan öňe sürüldi hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýylda kabul edilen degişli Kararnamada berkidildi.

Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan brifinge Hökümet agzalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirip, Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegi bilen baglanyşykly möhüm wezipeleriň çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça tagallalary birleşdirmekde işjeň orny eýeleýär. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ulag ulgamyna möhüm orun berilýär. Bu ugurda ýurdumyz sebit we transkontinental derejede ýaýbaňlandyrylan multimodal üstaşyr ulag we logistika düzümlerini kemala getirmek boýunça iri taslamalaryň başyny başlaýar hem-de olary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde durmuşa geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, bu meseläniň ileri tutulýan ugurlary, olar babatda pandemiýadan soňky döwürde täzeden dikeltmek, howanyň üýtgemeginiň täsirlerini peseltmek we oňa uýgunlaşmak, geljegi nazarda tutup, özara hereket etmegiň möhüm ugurlaryny kesgitlemek bilen birlikde, häzirki döwrüň ýagdaýlaryndan hem-de wehimlerinden ugur alyp, sazlaşykly çemeleşmeleri we teklipleri işläp taýýarlamak boýunça ara alyp maslahatlaşmalar we pikir alyşmak üçin gepleşikleriň açyk meýdançasy hökmünde forumyň anyk ähmiýeti nygtaldy.

Foruma gatnaşyjylaryň köp sanly bolmagy hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan oňa gyzyklanma bildirilmegi geçirilen forumyň örän wajypdygyna we uly isleg bildirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri maslahaty dessine we giňişleýin beýan etdiler hem-de metbugatda neşir etmegi, internet portallarynda ýerleşdirmegi, bu waka bagyşlanan gepleşikleri we habarlary ýaýlymlara bermegi dowam edýärler.

Maslahatyň hemme mejlisleri Birleşen Milletler Guramasynyň web-teleýaýlymynda onuň dört resmi dilinde — iňlis, fransuz, ispan we rus dillerinde göni ýaýlymda görkezildi.

Şunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylaryň öňünde wideoýüzlenme bilen çykyş edip, beýan eden täze başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi. Şonda Türkmenistanyň ählumumy ulag gatnaşyklaryna gatnaşmagyny güýçlendirmäge we giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy. Şol başlangyçlaryň hatarynda, Birleşen Milletler Guramasynda ulag ulgamynda deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň bähbitlerini goramaga gönükdirilen we BMG-niň degişli düzümleri bilen yzygiderli iş alyp barjak ýörite iş toparyny döretmäge, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda ornuny ýokarlandyrmak hakyndaky» Rezolýusiýasyny işläp taýýarlamaga degişli teklipler bar.

“Türkmenistan XXI asyryň ulag gurluşynyň integrasiýa ösüşiniň giňişlikleriň, sebitleriň, senagat, serişde, adam mümkinçilikleriniň baglanyşygydygyna ynanýar. Geljek iň uly halkara we sebit deňiz, derýa, awtomobil we demir ýollaryna hem-de howa merkezlerine çykmak, olaryň amatly utgaşmasy we hersiniň artykmaçlygyndan peýdalanmak bilen birleşdirilen ulag-aragatnaşyk ulgamyna degişlidir” diýip, döwlet Baştutanymyz forumyň açylyşyndaky çykyşynda nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wideoýüzlenmesinde şu forumyň kabul eden çözgütleriniň we teklipleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 2024-nji ýylda geçirilmegi göz öňünde tutulan üçünji maslahatyna taýýarlyk görmegiň esasyny düzjekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň öz hyzmatdaşlary we pikirdeşleri bilen bilelikde öňde goýlan bu maksatlara ýetmek üçin aýgytly hereket etjekdigini aýtdy.

Şeýle hem forumyň ikinji gününiň maksatnamasynyň ugurdaş çäreleri: Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça Utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisini (“Aşgabat Ylalaşygy” esasynda) we «Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar — Afrika: ulag pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri» atly ministrler derejesindäki duşuşygyny özünde jemländigi bellenildi. Mundan başga-da, şu gün — 17-nji awgustda Global Üstaşyr Resminamasynyň taslamasyna badalga bermek dabarasy guraldy. Halkara maslahatyň dowamynda köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Forumyň netijeleri Jemleýji Beýannamada berkidildi. Şonda COVID-19 pandemiýasyndan soňky döwürde deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň durnukly dikeldilişi üçin ulag arabaglanyşygynyň güýçlendirilmeginiň hem-de Wena Hereketleriň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişini we Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagyny tizleşdirmegiň wajypdygy nygtalýar. Şunuň bilen baglylykda, halkara we sebitleýin bazarlar bilen birleşdirmekde üstaşyr daşamalaryň eýeleýän ähmiýetli orny nygtalýar.

Resminamada bellenilişi ýaly, maslahat halkara bileleşigini deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ykdysady taýdan okgunly hem-de durnukly ösüşi üçin zerur şert bolup durýan netijeli ulag düzümini döretmekde ulagy ösdürmek ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek hem-de utgaşdyrmak boýunça işleri goldamaga çagyrýar. Şunuň bilen bir hatarda, kämil üstaşyr daşamalary we söwdany ýeňilleşdirmek hem-de COVID-19 pandemiýasyndan soň olary durnukly dikeltmek üçin sanly ulgamlary pugtalandyrmak tagallalary birleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Şeýle hem ulag ulgamynda howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak hem-de olara uýgunlaşmak, şeýle hem adatdan daşary howa ýagdaýlary emele gelen halatynda, olara taýýar bolmak babatynda zerur bolan serişdeleriň we hyzmatlaryň jemlenilmegi üçin deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň mümkinçilikleriniň artdyrylmagynyň örän möhümdigi nygtalýar.

Resminamada Birinji ählumumy ulag maslahatynyň netijeleri boýunça esas edilip alnan durnukly ulag boýunça Aşgabat prosesini dowam etmegiň, ýokary derejeli yzygiderli halkara duşuşyklary, köptaraplaýyn maslahatlaşmalary geçirmegiň, ýokarda agzalan işleriň çäklerinde bilim çäreleriniň mümkinçiligini we guralyşyny pugtalandyrmagyň möhümdigine aýratyn üns çekildi.

Häzirki wagtda BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň 13-nji sentýabrynda açyljak 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde Awazada kabul edilen Jemleýji Beýannamany taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Şeýle hem forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn, şol sanda Türkmenistanyň Hökümet agzalary bilen daşary döwletleriň we halkara guramalaryň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi, şolaryň barşynda täze ulag geçelgelerini döretmek boýunça geljegi uly taslamalar nazarda tutulyp, hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumyň çäklerinde ugurdaş sergiler, hususan-da, Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda sergiler, şeýle hem “Awaza” kongresler merkezinde multimediýa görnüşinde sergi guraldy. Şolarda ulag toplumynda we logistikada Watanymyzyň we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gazanan üstünlikleri, hödürlenilýän giň gerimli häzirki zaman hyzmatlar, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrmak üçin bar bolan mümkinçilikler görkezildi.

Mundan başga-da, daşary ýurtly myhmanlara halkymyzyň asyrlaryň dowamynda aýawly saklanyp galan baý medeni mirasy hem-de döredijilik däpleri barada gürrüň berýän sergi bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar üçin sungat ussatlarynyň konserti guraldy.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň goldamagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat bütin dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine durnukly ulag ulgamynda netijeli sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hem-de giňeldilmegine uly goşant boldy.