mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmeniň beýik mukamçysy – Mylly aganyň syrly arhiwi

view-icon 2135

camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Türkmen sazandasy Mylly Täçmyradow entek ýaşap ýören döwürlerinde-de beýik sazanda hökmünde halk tarapyndan ykrar edilipdi. Mylly aganyň barmaklary çalasyndy, sazy onuňky ýaly şirin we owadan ýerine ýetirmek döwürdeşlerinden heç kime başartmaýardy. Bu gün sakgaly ýüzüne görk berýän sazandanyň suraty M. Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyndaky ajaýyp sazandalaryň suratlarynyň arasynda hormatly orny eýeleýär. Amangeldi Gönübek we Kel bagşy ýaly türkmen saz sungatyna degişli halypalaryň yzyny dowam etdirip, halkyň uly hormatyna eýe bolmak, onuň bilen döwürdeş sazandalaryň içinde hem hemme kişä başartmandy.

Mylly aga 1885-nji ýylda Gökdepe etrabynyň dag eteginde ýerleşýän Ýaňgala obasynda dünýä inýär.

Çagalygynda Mylly ýarawsyz bolup, dört ýaşynda ýöräp başlapdyr. Şundan hem oňa «Mylly» diýen lakam goýulýar. Bu bolsa «gowşajyk» diýmegi aňladýar. Onuň hakyky ady bolsa Annaseýitdi. Myllynyň maşgalasynda sazanda bolmandyr. Kakasy toýlarda göreşe çykýan pälwan bolsa-da, oglunyň saza ýykgyn edýändigine üns berip, ogly üçin dutar satyn alyp beripdir.

Höwesjeň sazanda ýokary ussatlyk derejesine ýetmek üçin uzak we agyr ýoly geçmeli. Mylly ilki bilen Mämmetmyrat ussadan sapak alyp başlaýar. Ussa şägirdinde saza bolan ukyby görüp, Mylla ak pata berende, şirin owazly dutary hem sowgat beripdir. Mylly halypasynyň elinden şeýle bahasyz sowgady kabul edip, şondan soň hiç mahal bu dutardan aýrylyşmandyr.

Soňra Mylly meşhur sazanda Kel bagşydan sapak alýar.

Ozalky döwürler halk sazandalary nota sowatlylygyny ulanmandyrlar, sazlary ýatdan ýerine ýetiripdirler. Saz folkloryny toplaýjy W.A. Uspeniskiý, sazanda M. Täçmyradowyň ýerine ýetiren mukamlarynyň örän şirinligi bilen haýran galdyrýandygyny belläpdir.

1930-njy ýyllarda Mylly aganyň çalan sazlary we mukamlary magnitli ýazgy edilýär we şeýlelikde ol eserler geljek nesiller üçin saklanyp galýar.

M.Täçmyradowyň ýerine ýetirmegindäki saz eserleriniň sany iki ýüze golaýlaýar. Şolaryň hatarynda «Bahar», «Şöhrat saňa», «Hasyl ýygymçy» ýaly sazlar we beýlekiler bar.

1960-njy ýylyň 31-nji ýanwarynda ady rowaýata öwrülen meşhur sazanda M.Täçmyradow aradan çykýar. Şol ýyl Täçmyradowlaryň maşgalasynda çowluk dünýä inýär, oňa garry atasy Mylly aganyň hakyky adyny – Annaseýit diýip dakýarlar.

Häzirki wagtda Mylly aganyň çowlugy, Türkmenistanyň halk artisti Annaseýit Annamyradow şöhrat gazanan garry atasynyň kesbini dowam edýär.

Annaseýit Annamyradowyň öýündäki uly otagda ilki bilen Mylly Täçmyradowyň Annaseýidiň ýanýoldaşy, Nurbikäniň ussatlyk bilen dokan ajaýyp portret halysy göze ilýär. Portretde täsin ýagdaý bilen Mylly aganyň içki dünýäsini we duýgusyny beýan etmek başardypdyr.

Öýde Mylly agadan miras galan goňras-garamtyl reňkli, ünsüňi özüne çekýän owadan görnüşli dutarda Annaseýit garry atasynyň «Bahar» atly sazyndan bir bölegini ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.

Öýde meşhur sazandanyň geýen dony, ulanan gap-gaçlary saklanýar. Başga-da Mylly aganyň şahsy goşlarynyň arasynda içinde resminamalar hem-de arap elipbiýindäki ýazgylar saklanýar. Ol ýazgylar özboluşly arhiw bolup, saz öwrenijileriň içgin öwrenmeklerine garaşýar. Belki-de, türkmen halkynyň saz älemine ady altyn harplar bilen ýazylan beýik sazandanyň ol ýazgylarynda entek bize mälim bolmadyk syr saklanýandygy äşgär bolar?