Ï Türkmen bilermenleri Adam hukuklary baradaky düzgünnamanyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen bilermenleri Adam hukuklary baradaky düzgünnamanyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna gatnaşdy

view-icon 2635
Türkmen bilermenleri Adam hukuklary baradaky düzgünnamanyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekilleri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Adam hukuklary boýunça komissiýasynyň bilermenler toparynyň maslahatyna gatnaşdy.

Duşuşyga Daşary işler ministrlikleriniň işgärleri we Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan, Ermenistan hem-de Belarus Respublikasynyň adalat ministrlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Olar mejlise gatnaşan ýurtlaryň Arkalaşygyň Adam hukuklary baradaky komissiýasynyň Düzgünnamasyna degişli we GDA-nyň Adam hukuklary hem esasy raýat azatlyklary baradaky Konwensiýasyna üýtgetmeler girizmek boýunça teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Resminamalar bilermenler tarapyndan gutarnykly işlenip ylalaşyldy, soňra bolsa, has giňişleýin garalmagy üçin Arkalaşygyň ýokary guramaçylyk edaralaryna iberildi.