mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Halkara çagalar medeniýet forumy öz işine başlady

view-icon 1351
Halkara çagalar medeniýet forumy öz işine başlady

24-nji awgustda Moskwada HHGS-de Russiýanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan ilkinji gezek guralan halkara çagalar medeniýet forumy öz oşinr başlady. Forumyň maksady medeniýetde we sungatda zehinli çagalary ýüze çykarmak we ykrar etmek, şeýle hem medeniýetara gepleşikler üçin täze mümkinçilikleri açmakdyr.

Bu çärä Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň zehinli çagalaryndan, ýagny Bäşim Nuraly adyndaky çeperçilik mekdebiň okuwçysy S. Baýmuhammedowadan, Ahal welaýatynyň Tejen şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy G. Owezowdan, Balkan welaýatynyň Hazar şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy S. Miriýewden, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki 3-nji orta mekdebiň okuwçysy R. Atabaýewdan, Lebap welaýatynyň Seýdi şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy D. Jumagulyýewadan hem-de Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 25-nji orta mekdebiň okuwçysy K. Nepesowdan ybarat Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar.

Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň baş hünärmeni M. Annagylyjow ýolbaşçylyk edýär.

Halkara çagalar medeniýet forumynyň maksatnamasy “Ulular – ululara, çagalar – çagalara, çagalar – ululara, ulular – çagalara” diýen dört bölüme bölünýär. Medeniýet forumyna gatnaşýanlara belli-belli ugurlar boýunça bölümlerde, panel çekişmelerinde, meşhur medeniýet işgärleri bilen gyzykly duşuşyklarda, ussatlyk sapaklarynda we gezelençlerde iş alyp barmak garaşýar. Forumyň çagalar boýunça bilermenler geňeşi hem döredilip, oňa ýaş sungat işgärleri, dürli ýaryşlaryň ýeňijileri bu ýere gözden geçirilişiň iş bölegine gatnaşmaga çagyrylar. Forum 28-nji awgusta çenli dowam eder.