Ï Ependi, Aladdin, Demir aýal we beýleki teatr oýunlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ependi, Aladdin, Demir aýal we beýleki teatr oýunlary

view-icon 5714

Türkmenistanda täze teatr möwsüminiň açylyşyna taýýarlyk işleri dowam edýär. Ýakyn wagtda tomaşaçylara söýgüli oýunlarynyň gahrymanlary bilen uzak garaşylan duşuşyklar, şeýle hem şu günler üstünde işlenýän köp sanly ilkinji görkezilişe garaşýar.

Ýetip gelýän dynç günleri bolsa Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry şu oýunlara tomaşa etmäge çagyrýar:

27.08.2022. «Gülki agşamy» – 19:00;

28.08.2022. «Ependi ýa-da gülkünç goňşy» – 19:00.

Ependi ýa-da Hoja Nasreddin Gündogaryň ýomakly hekaýatlarynyň iň meşhur gahrymanlarynyň biridir. «Ependi ýa-da gülkünç goňşy» oýny durmuşyň islendik ýagdaýyndan çykalga tapýan, wäşi gojanyň durmuşy barada gürrüň berilýär.

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda şu oýunlar görkeziler:

28.08.2022. «Ýürek telwasy» – 19:00;

29.08.2022. «Demir aýal» – 19:00.

«Demir aýal» oýnuna esas edilip özbek dramaturgy Şaraf Başbekowyň adybir oýny alnypdyr. «Demir aýal» ähli hojalyk işlerini ýerine ýetirýän robotdyr. Ol öýi syryp-süpürýär, nahar bişirýär, kir ýuwýar, özem öwezine hiç zat talap etmeýär. Bu ýagdaý hoşuna gelen baş gahryman «Robot aýal idealynyň janly nusgasy bolup biler» diýen karara gelýär. Munuň şeýledigini-däldigini komediýa aýdyp berer.

A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň sahnasynda şu oýunlar görkeziler:

28.08.2022. «Aladdin we jadyly çyra» – 11:00; 13:00.

28.08.2022. «Ajaýyp kişi» – 19:00.