Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara

view-icon 2630

Mähriban Watanymyzyň ýaş aýdymçy ýigitleri we gyzlary!

Gadyrly ýaşlar!

Sizi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzda şatlyk-şowhunly geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybir halkymyzyň abadan we parahat durmuşynyň, ýurdumyzyň ösüşleriniň joşgunly waspyny ýetirýän aýdym-saz sungatynda size döredijilik üstünliklerini, juwan kalbyňyzyň hemişe joşup durmagyny arzuw edýärin.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda beýik özgertmeleriň, taryhy ösüşleriň aýdyň ýoly bilen barha ynamly menzillere barýar. Berkarar Watanymyzyň halkara abraýyny täze belentliklere götermek, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, döwrebap ýaşaýşyny üpjün etmek, ýurdumyzy ähli ulgamlar boýunça sazlaşykly ösdürmek, raýatlarymyzy täze iş orunlary bilen üpjün etmek biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarda gurlup ulanmaga berilýän we düýbi tutulýan senagat-önümçilik toplumlary, medeni-durmuş maksatly binalar, döwrebap ýaşaýyş jaýlary, awtomobil ýollarydyr köprüler milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde wajyp ähmiýete eýe bolýar. Bularyň ählisi biziň öňe sürýän «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarymyzyň esasy maksadynyň Watanyň we halkyň bähbidine gönükdirilendigini alamatlandyrýar.

Gadyrly höwesjeň aýdymçy ýaşlar!

Häzirki döwürde biz ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga we sanly ulgamy ornaşdyrmaga, medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berýäris. Türkmen halkynyň dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatryna «Akademiki» hukuk derejesiniň berilmegi ýurdumyzyň medeni durmuşynda taryhy wakalar boldy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli her ýylda edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň geçirilmegi aýdym-saz sungatyna höwesli ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmäge uly ýardam berýär. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi sungat äleminiň geljekki parlak ýyldyzlaryny kemala getirýär. Munuň özi Aşgabat şäherindäki hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndaky höwesjeň aýdymçy ýaşlary ýüze çykarmakda, olaryň aýdym-saz sungatyna söýgüsini artdyrmakda möhüm işleriň bitirilýändigini görkezýär.

Mähriban aýdymçy ýaşlar!

Biz ýaş aýdymçylarymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyny we eziz Diýarymyzyň beýik ösüşlerini wasp edip ýerine ýetirýän aýdym-sazlaryna uly ähmiýet berýäris. Sungat ynsan kalbyny joşdurýan gudratdyr. Aýdym-saz sungatymyz ildeşlerimiziň watançylyk duýgularyny terbiýeleýän we ösdürýän ruhy güýçdür. Şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan aýdym-saz sungatymyzy ösdürmekde, täze eserler bilen baýlaşdyrmakda ýaş aýdymçylara uly orun degişlidir. Biz ýaş aýdymçylarymyzyň halypalaryň döredijilik mekdebini geçip, türkmen sungatyny has-da ösdürjekdiklerine pugta ynanýarys.

Ýaş aýdymçy ýigitler we gyzlar!

Siziň ähliňizi «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, türkmen aýdym-saz sungatyny has-da ösdürmekde, kämilleşdirmekde döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.