Ï Bütindünýä Saglyk Guramasynyň Ýewropa sebit edarasyň maslahaty geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bütindünýä Saglyk Guramasynyň Ýewropa sebit edarasyň maslahaty geçirildi

view-icon 2071
Bütindünýä Saglyk Guramasynyň Ýewropa sebit edarasyň maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenleri inçekeseli bejermek boýunça milli barlaglar toparynyň her ýylda geçirilýän maslahatyna gatnaşdylar.

Foruma gatnaşanlaryň arasynda ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, inçekeseliň öňüni almak we ony bejermek Merkeziniň we beýelki hassahanalaryň ylmy barlagçylary we hünärmenleri bar.

Lukmanlar iki günläp keseli bejermegiň öňdebaryjy usullary barada pikir alyşdylar, geljekde bilelikdäki işleriň meýilnamasyny sazlaşdyrdylar.

Näsaglary howpsuz we netijeli bejermegi üpjün etmek saglygy goraýyş ulgamynyň hem-de ilata lukmançylyk kömegini bermegiň wajyp maksatlarynyň biridir. Tutuş dünýäde inçekeseliň ýaýramagy Bütindünýä saglygy goraýyş Assambleýasynda göz öňünde tutulan kesele gözegçiligi amala aşyrmaga hem-de maksatlaýyn görkezijilere ýetmäge çynlakaý päsgelçilikdir.

Soňky ýyllarda hünärmenler ileri tutulýan netijeli derman serişdeleriniň ulanylmagyna has köp üns berýärler.

2018-nji ýylda BSG inçekeseli uzak wagtlaýyn bejermekde ulanylýan derman serişdeleriniň toparlara bölünmegine gaýtadan garady.

Häzirki maslahat Türkmenistanyň SGweDSM-niň hem-de BSG-nyň ÝSE-niň arasynda 2022-2023-nji ýyllara hyzmatdaşlyk barada halkara ylalaşygynyň we Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda inçekesele netijeli gözegçiligi üpjün etmek boýunça Milli maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçirilýär.