Ï Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine

view-icon 2702
Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Gadyrly türgenler!

Sizi Russiýa Federasiýasynyň Wladiwostok şäherinde geçirilen «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlarynda, şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň Konýa şäherinde geçirilen V Yslam raýdaşlygy oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň halkara sport abraýy täze derejelere ýetýär. Dünýäde iri halkara sport ýaryşlaryny geçirmäge ukyply döwlet hökmünde ykrar edilen ata Watanymyzda dürli ýaryşlaryň, şol sanda halkara derejedäki ýaryşlaryň geçirilmegi sport boýunça milli strategiýamyzyň iş ýüzündäki ajaýyp beýanydyr. Garaşsyz ýurdumyzda sportuň ösen ulgamyny döretmek, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, Olimpiýa hereketini ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda uly işler alnyp barylýar.

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Türkmenistan, aýratyn-da, paýtagtymyz Aşgabat halkara sport hyzmatdaşlygynyň merkezleriniň birine öwrüldi. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde Halkara Olimpiýa Komiteti, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna sport boýunça halkara býurosy, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen parahatçylygyň, ynsanperwerligiň pugtalandyrylmagyny şertlendirýän gatnaşyklaryň gerimi barha giňeýär.

Eziz Diýarymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, «Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşy, şeýle-de Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty üstünlikli geçirildi. Bu ýaryşlara ýurdumyzyň we dünýä ýurtlarynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar. Munuň özi türkmen sportunyň halkara derejedäki abraýynyň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirdi. Garaşsyz döwletimiziň ähli künjeklerinde sport toplumlarynyň, stadionlaryň we beýleki sport maksatly binalaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi türkmenistanly türgenleriň dürli sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmegini şertlendirýär. Türgenlerimiz halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Bu bolsa ýaş nesillere buýsanjymyzy has-da artdyrýar.

Ýaponiýada geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň türgenleriniň mynasyp wekilçilik etmekleri, Garaşsyz Watanymyzyň sport taryhynda ilkinji Olimpiýa medalynyň gazanylmagy döwletimizde sporty ösdürmäge uly üns berilýändigine şaýatlyk etdi. Biz muňa türkmen sportunyň ýeňişli ýollarynyň başlangyjy hökmünde seredýäris.

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň bagtyýar ýaşlary!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri siziň öňüňizde milli sportumyzyň üstünlikleriniň täze gapysyny açýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň sport abraýyny artdyrmak, ilkinji nobatda, siziň paýyňyza düşýär. Ata-babalarymyzyň merdana we ýeňişli ýollaryny mynasyp dowam etdirip, siz türkmen türgenleriniň sport ussatlygyny halkara ýaryşlara gatnaşyp, medallary gazanmak arkaly subut etmelisiňiz. Men dürli ýaryşlarda ajaýyp netijeleri gazanmak bilen, mähriban Watanymyzyň baýdagyny al-asmanda parladyp, Türkmenistanyň abraý-mertebesini gorajakdygyňyza pugta ynanýaryn.

Gadyrly dabara gatnaşyjylar!

Türkmenistan halkara sport hyzmatdaşlygyny gönüden-göni Birleşen Milletler Guramasynyň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlarynyň kabul edilmegi bilen baglanyşdyrýar. Munuň özi täze wezipeleri öňümizde goýup, ýurdumyzy mundan beýläk-de halkara sport ýaryşlarynyň, çempionatlardyr Olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän döwrebap meýdançasyna öwürmegi göz öňünde tutýar.

Biz sportuň mümkinçiliklerini parahatçylygyň, dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek arkaly täze sport düzümlerini dörederis. Hakyky sport söýüjileriň, ussat türgenleriň döwrebap neslini kemala getireris. Çünki ýaş nesillerimiziň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy döwrüň möhüm talabydyr. Sport sagdynlygyň we gözelligiň gözbaşydyr.

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Gadyrly türgenler!

Sizi halkara derejeli ýaryşlarda gazanan üstünlikleriňiz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.


Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.