Ï Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VII gurultaýyna gatnaşyjylara we ýurdumyzyň ähli ýaşlaryna
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VII gurultaýyna gatnaşyjylara we ýurdumyzyň ähli ýaşlaryna

view-icon 8553
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VII gurultaýyna gatnaşyjylara we ýurdumyzyň ähli ýaşlaryna

Hormatly gurultaýa gatnaşyjylar!

Berkarar döwletimiziň bagtyýar ýaşlary!

Sizi Garaşsyz döwletimiziň işeňňir hem-de öňdebaryjy jemgyýetçilik guramasy bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bütin durky bilen Watana bolan beýik söýgä ygrarly, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, dostlugy özlerine ýörelge edinen ýaşlarymyzyň durmuşynda uly orun aljak bu gurultaýyň örän netijeli hem-de üstünlikli geçmegini arzuw edýärin.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Watanymyz öz ösüşiniň täze basgançaklaryna bedew bady bilen gadam basýar. Ösüşleriň hem-de özgerişleriň aýdyň ýolundan beýik hem-de röwşen geljegine barýar. Biziň alyp barýan syýasatymyz beýik maksada — Garaşsyz, Bitarap döwletimizi syýasy, ykdysady, hukuk we medeni taýdan berk binýatly, kuwwatly ýurda öwürmekden, halkymyzy bagtyýar, parahat, bolelin durmuşda ýaşatmakdan ybaratdyr. Agzybir halkymyz, şol sanda mähriban ýaşlarymyz hem ýurdumyzyň syýasy durnuklylygyny, okgunly öňe gitmegini, ähli pudaklaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan, ylym hem-de hünär öwrenýän, senagatda, oba hojalygynda, ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda joşgunly zähmet çekýän merdana ýaşlarymyz, ata Watanymyzyň goragynda durýan gerçeklerimiz biziň bu beýik maksadymyzyň töweregine mäkäm jebisleşýär.

Gadyrly ýaşlar!

Ata Watanymyz taryhy nukdaýnazardan gysga döwürde ykdysadyýeti çalt depginler bilen ösýän ýurtlaryň hataryna ynamly goşuldy we «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda-da döredijilik, rowaçlyk ýoly bilen ynamly gadam urýar. Bu şöhratly ýolda gazanylýan üstünliklerde Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalarynyň hem mynasyp paýy bar. Ýaşlar guramasy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň iri jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolmak bilen, geljegimiz bolan ýaşlarymyzy watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýeläp ýetişdirmekde netijeli işleri alyp barýar. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda guwandyryjy netijeleri gazanmagyna uly goşandyny goşýar.

Häzirki wagtda gurama «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, öz işinde ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, döwletimiziň we jemgyýetimiziň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna ýaşlarymyzyň doly hukukly gatnaşmagy üçin has oňaýly şertleri döretmek maksatlaryndan ugur alýar. Ýaşlar guramasynyň alyp barýan bu işleri jemgyýetimizde bitewüligi, jebisligi, agzybirligi berkitmäge, beýik özgertmelerimizi, milli maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrmaga ýardam berýär.

Ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn pikirlenmäge ukyply nesil döwletiň hem, milletiň hem geljegi hasaplanýar. Ýaşlaryň aň-düşünje, beden taýdan sagdyn, hünärine ezber, saýlap alan ýoluna yhlasly bolmagy üçin döredilýän mümkinçilikler örän uly we olara bildirilýän ynam hem ýokarydyr.

Mähriban ýaşlar!

Döwür eziz Diýarymyzyň syýasy, ykdysady, medeni we jemgyýetçilik durmuşyny has-da kämilleşdirmegi, düýpli özgertmegi, her bir işe täzeçe çemeleşmegi talap edýär. Şu nukdaýnazardan, Ýaşlar guramasynyň gujur-gaýratly agzalarynyň, ýurdumyzyň watansöýüji, ylymly, bilimli, dörediji we gurujy ähli ýaşlarynyň jemgyýetimizde durnuklylygy hem-de bitewüligi pugtalandyrmaga işjeň gatnaşjakdyklaryna, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, bütin dünýädäki abraý-mertebesiniň belende göterilmeginiň hatyrasyna ak ýürekden yhlasly zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn.

Biz ýaşlar baradaky döwlet syýasatymyzy kabul edilen we hereket edýän milli kanunçylyk namalary hem-de ýaşlara niýetlenen ýörite ýörelgeler esasynda durmuşa geçirýäris. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, bagtyýar ýaşlarymyzyň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, ylmyň iň soňky gazananlaryndan habarly nesli kemala getirmek, telekeçilik işine giňden höweslendirmek, ýaş maşgalalaryň ýokary ýaşaýyş-durmuş şertlerinde ýaşamaklary üçin döwlet tarapyndan giň mümkinçilikler döredilýär. Bularyň ählisi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda döwletimiziň we jemgyýetimiziň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmaklaryny gazanmak ugrundaky wezipelere döwlet derejesinde örän jogapkärçilikli, oýlanyşykly çemeleşilýändigine şaýatlyk edýär.

Hormatly gurultaýa gatnaşyjylar!

Berkarar döwletimiziň bagtyýar ýaşlary!

Sizi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm waka — Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VII gurultaýynyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size yhlasly okamak, öwrenmek, döredijilikli we tutanýerli zähmet çekip, eziz Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmagyňyzy, jogapkärli, hormatly işleriňizde mundan beýläk-de abraý gazanmagyňyzy, berk jan saglyk, bagtyýarlyk arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.