Ï Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine

view-icon 3971
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!

Mähriban talyplar, eziz okuwçylar!

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň jemgyýetçilik durmuşynda uly orun tutýan ajaýyp baýram — Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2022-2023-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu baýramçylygyň ýokary ruhubelentlik döredip, ösüşleriň aýdyň ýolundan öňe barýan eziz Watanymyza söýgimizi has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli baýramlarymyzy we şanly senelerimizi agzybirlikde, jebislikde garşy alýarys. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde eziz Diýarymyzyň ähli şäherdir obalarynda baý mazmunly, aýdym-sazly baýramçylyk çärelerini geçirip, häzirki zaman multimedia enjamlary, sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze, döwrebap orta mekdepleri hem-de çagalar baglaryny dabaraly açýarys. Bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan körpelerimize «Bilimli» atly kompýuterleri ýadygärlik sowgady hökmünde gowşurýarys. Mugallym we terbiýeçi hünärini ele alan ýaşlara ilkinji zähmet ýoluna ak pata berýäris. Munuň özi bilimler baýramynyň jemgyýetçilik ähmiýetini ýokarlandyrmak bilen, milli agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrýar, täze üstünlikleri gazanmaga, belent sepgitlere ýetmäge güýç-kuwwat berýär.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyzyň «Ylym we bilim biziň ýolumyzdyr» diýen taglymatyndan ugur alyp, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri depginli dowam etdirýäris. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», beýleki milli maksatnamalarda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirýäris. Durmuş ulgamyna degişli desgalar bilen bir hatarda, täze bilim edaralaryny gurýarys. On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim işini dünýä ölçeglerinde has-da kämilleşdirýäris, sanly bilimi ösdürýäris.

Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän alada öz miwesini hem berýär. Watanymyza, halkymyza, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ruhubelent, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlar kemala gelýär. Soňky ýyllarda halkara ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolýan talyplarymyzyň, mekdep okuwçylarymyzyň sany has-da artýar.

Dünýäniň dürli künjeklerinde Watanymyza, halkymyza mynasyp wekilçilik edip, üstünlikli çykyş edýän zehinli ýaşlarymyz biziň milli guwanjymyzdyr. Siz belent watansöýüjilik duýgyňyz, tutanýerliligiňiz we erjelligiňiz bilen ylym-bilim dünýäsine çuňdan aralaşmalysyňyz. Asyrdan-asyra, nesilden-nesle geçirilip, kämil derejä ýetirilen milli ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirip, watansöýüjilikde, tämiz ahlaklylykda, beden we ruhy taýdan sagdynlykda ýokary derejelere ýetmelisiňiz. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe okamak, öwrenmek, döredijilikli, yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny, mertebesini öňküden-de belende götermelisiňiz.

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!

Türkmen halky özüniň uzak asyrlyk taryhy ýolunda egsilmez genji-hazyna öwrülen maddy we ruhy gymmatlyklary, bilim mirasyny, watansöýüjilige, ynsanperwerlige, ene-ata, jemgyýete, dünýä, durmuşa bolan beýik söýgä ýugrulan milli terbiýe mekdebini döredipdir. Garaşsyz Diýarymyzyň Merw, Nusaý, Ürgenç, Abiwerd, Sarahs, Dehistan ýaly gadymy şäherleri ilkinji ylymlaryň we bilimleriň, medeniýetleriň hem-de sungatlaryň gülläp ösen merkezleri hökmünde dünýä meşhur bolupdyr. Täze taryhy döwürde milli ýörelgelerimizi dabaralandyrmak, okamak, öwrenmek, zähmet çekmek, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak biziň esasy maksadymyzdyr.

Mugallymlaryň we bilim işgärleriniň gözbaşyny gadymyýetiň çuňluklaryndan alyp gaýdýan milli ýörelgelerimizi, halypa-şägirtlik ýoluny mynasyp dowam etdirmek, yhlasly, döredijilikli zähmet çekmek bilen, mukaddes käriň abraýyny, ýurdumyzyň bilim kuwwatyny artdyrjakdyklaryna, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesilleri terbiýeläp, bilimler ýurdy hökmünde Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrjakdyklaryna pugta ynanýaryn.

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!

Mähriban talyplar, eziz okuwçylar!

Sizi Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, okuwda, işde uly üstünlikleri, maşgala abadançylygyny, rowaçlyk arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar Berdimuhamedow.