Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda Daşary işler ministriniň orunbasary B.G.Mätiýew Gazagystan Respublikasyna iş saparda bolýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
2022-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda DIM-niň binasynda Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary E.B.Konuspaýew bilen türkmen wekilýetiniň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-hem pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky halkara guramalarynyň çäklerinde, şol sanda BMG, GDA, EKO, YHG we beýlekiler bilen oňyn tejribe bellenildi.
Döwletara gatnaşyklary ösdürmekde iň ýokary we ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýeti bellenildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny has-da giňeltmegiň zerurlygy beýan edildi, şol sanda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeler baradaky 2021-2023-nji döwür üçin Maksatnama laýyklykda öz wagtynda geçirilmegini öz içine alýar.
Şeýle hem, diplomatlar ylmy we bilim pudagyndaky gatnaşyklary giňeltmek, hem-de saglygy goraýyş we derman senagatynda hyzmatdaşygy ara alyp maslahatlaşdylar.