mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň billing ulgamy

view-icon 1836
«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň billing ulgamy

Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak we ylmy innowasion işläp taýýarlamalary döwrüň talaplaryna laýyklykda önümçilige ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň sanly ulgama geçmek, ýurdumyzda häkimlikleriň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň önümçilik işlerini awtomatlaşdyrmak, hasaba alyş we hasap ýörediş işlerini ýeňilleşdirmek, raýatlaryň durmuş-jemgyýetçilik işlerini ýöretmeklerinde köp amatlyklary gazanmak, elektron hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmek hakynda berýän tabşyryklaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan dowamly işler alnyp barylýar.

«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerli telefon ulgamynyň döwrebap sanly hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilikleri döredýän modullary öz içine alýan billing programma üpjünçiligi taýýarlanylyp, tapgyrlaýyn esasda ornaşdyrylyp başlandy.

Bu programma üpjünçiliginiň hyzmatlaryndan e.gov.tm Türkmenistanyň bir bitewi Döwlet hyzmatlarynyň resmi portalynyň we onuň mobil goşundysynyň üsti bilen peýdalanmaga mümkinçilik döredilip, Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda bu hyzmatlar ýola goýuldy. Ýakyn wagtlarda bolsa Balkan we Daşoguz welaýatlarynda hem bu hyzmatlardan peýdalanmagy ýola goýmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.