mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanyň Prezidentiniň prokurorlary wezipä bellemek we wezipesinden boşatmak hakynda degişli gol çeken resminamasy

view-icon 2402

“Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Kanunyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:

— 1-nji derejeli ýurist Aba Muhammetdurdyýewiç Ataýew Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň prokurory wezipesine bellenilip, ol Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;

— 1-nji derejeli ýurist Meretnazar Baýramnazarowiç Begliýew Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň prokurory wezipesine bellenilip, ol Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;

— 2-nji derejeli ýurist Gurbangeldi Abdyllaýewiç Çopanow Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň prokurory wezipesine;

— 2-nji derejeli ýurist Akynyýaz Allamyradowiç Gurbanow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň prokurory wezipesine;

— 2-nji derejeli ýurist Daňatar Arslanowiç Abdyllaýew Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň prokurory wezipesine;

— 2-nji derejeli ýurist Hangeldi Baýrammädowiç Mämiýew Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň prokurory wezipesine;

— ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Azat Ýazmämmedowiç Bekmämmedow Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň prokurory wezipesine;

— 2-nji derejeli ýurist Akmyrat Agalyýewiç Ataýew Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi.

Hünär synagynyň netijeleri boýunça eýeleýän wezipesine laýyk gelmeýändigi sebäpli:

— 1-nji derejeli ýurist Ruslan Wepakulyýewiç Rebbenakuliýew Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň prokurory wezipesinden;

— 1-nji derejeli ýurist Annamyrat Baýramalyýewiç Amangeldiýew Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň prokurory wezipesinden;

— ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Nurgeldi Hangeldiýewiç Annageldiýew Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň prokurory wezipesinden;

— 1-nji derejeli ýurist Atamyrat Husaýynowiç Tölegow Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.