Ï Resmi habarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Resmi habarlar

view-icon 6654

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe seýsmologiýa ylmy boýunça düýpli ylmy-nazary we ylmy-amaly barlaglary alyp barmak, ylmy-gözleg işleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, häzirki zaman geodinamik işjeňligini öwrenmek, seýsmiki hadysalaryň bolup geçýän döwründe seýsmogen zolaklarda fiziki hadysalaryň kanunalaýyklygyny we seýsmiki howply zolaklary ýüze çykarmak, bu ugurda ýaş alymlary taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanda seýsmologiýa ylmyny toplumlaýyn ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna, degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna Döwlet maksatnamasynyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Sedekow Joşmyrat Aşyrmyradowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Mämmedow Döwletmyrat Saparowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Serdar Orazmyradowiç Ataýew Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Yklym Bäşimmyradowiç Hojagulyýew Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Çaryýar Puriýewiç Çetiýew Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri boýunça orunbasary wezipesine bellenildi.