Ï Türkmenistanyň Daşary işler ministri Er-Riýad şäherinde birnäçe duşuşyklar geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Er-Riýad şäherinde birnäçe duşuşyklar geçirdi

view-icon 3777

Aýlagdaky Arap döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşiň agza ýurtlarynyň we Merkezi Aziýa Döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň arasynda strategik gepleşikler boýunça birinji duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi.

Bu duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistan bilen Aýlagdaky Arap döwletleriniň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud, Oman Soltanlygynyň Daşary işler ministri Saýýid bin Badr bin Hamad bin Hamud Al-Busaidi, Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministri Abdul Latif bin Raşid Al-Zayani, Katar Döwletiniň Daşary işler ministri  Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al-Tani, Kuweýt Döwletiniň Ministrler Kabinetiniň işleri boýunça Döwlet ministri Şeýh Ahmed Nasser Al Mohammed Al Sabah we Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň Döwlet ministri Halifa Şahin Al-Marar bilen duşuşdy.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Er-Riýad şäherinde Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen gepleşik geçirdi.