Ï Türkmen filmleri Daşkent festiwalyna gatnaşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen filmleri Daşkent festiwalyna gatnaşýar

view-icon 7644
Türkmen filmleri Daşkent festiwalyna gatnaşýar

Oguzhan adyndaky«Türkmenfilm» birleşiginiň wekilýeti 13-18-nji sentýabr aralygynda Daşkent şänerinde geçiriljek «Ýüpek ýolunyň merjeni» XIV halkara kinofestiwalyna gatnaşar.

Daşkent kino baýramynda dünýäniň 40 ýurdundan çeper, dokumental we gysga metražly filmleriň 150-si görkeziler şeýle hem kino önümçiligine, bilimine, kinofilmleri görkezmäge, filmleri surata düşürmäge degişli çäreleriň 20-den gowragy geçiriler. Kinofestiwalyň açylyş dabarasyna Takeşi Kitano, Armand Assante, Burak Ozçewit, Sergeý Bezrukow, Jonni Depp (onlaýn) we Timur Bekmambetow gatnaşarlar.

Daşkent halkara kinofestiwlaynyň çäklerinde 15-16-njy sentýabrda Samarkantda geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň baştutanlarynyň Sammitine gabatlanyp, şol ýurtlaryň kino Günleri geçiriler, oňa hormatly myhman hökmünde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çagyryldy.

Kinofestiwalyň beýleki çäreleriniň arasynda-- «tegelek stollar» we forumlar, ussatlyk sapaklary we tanymal aktýorlar bilen döredijilik duşuşyklary, bilekdäki kinotaslamalary, şowhunly-konsertleri we tomaşalary guramak barada ykrarnamalara, ylalaşyklara gol çekmeklik göz öňünde tutulýar. Animatorlar üçin prodýusser we režisýor Timur Bekmambetowyň «Hoja Nasreddin» animasion taslamasy bilen tanyşdyrylyşy bolar. Ol şeýle hem söweşde adybir galany goran batyrgaý gyzlar hakda «Kyrk gyz» atly doly metražly filmi bilen tanyşdyrar.

Türkmen kinematografiýaçylary Daşkent kinofestiwalynyň çäreleriniň köpüsine, şol sanda onuň açylyş we ýapylyş dabaralaryna, ýaş kinematografiýaçylaryň «Kino bäş günde» halkara bäsleşigine, GDA ýurtlarynyň milli kinostrudiýalarynyň mejlisine gatnaşarlar, onda Arkalaşygyň ýurtlarynyň kinosenagaty guramalary halkara birleşigini döretmek barada Ylalaşyga gol çekmek göz öňünde tutulýar, şeýle hem 13, 16 we 17-nji sentýabrda Türkmen kinosynyň günlerini geçirerler. Onda türkmen režisýorlary Arslan Eýeberdiýewiň «Istärin», Sahysalyh Baýramowyň «Gyzyl kürte» we Wepa Işangulyýewiň «At-myrat» filmleri görkeziler.