Ï Türkmenistanyň futbol boýunça Kubogy – 2022 başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň futbol boýunça Kubogy – 2022 başlandy

view-icon 5075
Türkmenistanyň futbol boýunça Kubogy – 2022 başlandy

Aşgabatda geçen «Ahal» – «Merw» toparlarynyň oýny bilen Türkmenistanyň futbol boýunça Kubogynyň 31-nji ýaryşy başlandy.

Bu ýyl ähmiýeti boýunça ikinji derejeli hormatly baýragy almak üçin ýokary liganyň 8 topary bäsleşýär. Olaryň üçüsi: «Altyn asyr», «Aşgabat» we «Köpetdag» paýtagta, «Balkan» we «Şagadam» Balkan welaýatyna, «Merw» bilen «Energetik» Mary welaýatyna, «Ahal» bolsa Ahal welaýatyna degişlidir.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň maglumatyna görä, häzirki ýaryşda çärýek we ýarym finalda ýeňijiler geçen ýyl bolşy ýaly bir däl-de, iki oýnuň netijelerine görä kesgitlener.

Türkmenistan-2022 kubogy paýtagtyň «Nusaý» stadionynda çärýek final oýny bilen başlandy, onda «Ahal» topary «Merwden» 2:1 hasabynda üstün çykdy.

«Ahal» toparynyň futbolçylary eýýäm 2-nji minutda möwsümiň iň gowy oýunçysy Didar Durdyýewiň garşydaşlarynyn derwezesine uran pökgisi bilen öňe saýlandylar. Bu wakanyň 4 minut yzýany «Ahalyň» oýunçysy Gurbanguly Aşyrow «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň toparynyň artykmaçlygyny iki pökgä çenli artdyrdy.

19-njy minutda «Merw» toparynyň oýunçysy Alybek Abdyrahmanow bir bir pökgini «Ahal» toparynyň derwezesine girizmegi başardy.. Emma myhmanlar şundan artyk zat gazanyp bilmediler.

75-nji minutda «Ahal» «Merwin» derwezesine jerime pökgisini urmagy gazandy hem-de ol 11 metrlik jerime urgusyny Arslanmyrat Amanow urdy, ýöne derwezeçi Merdan Saparowy aldawa salyp bilmedi.

Garşydaşlaryň jogap duşuşygy 21-nji sentýabrda «Merwiň» stadionynda geçiriler.

Çärýek finalda: «Energetik» – «Şagadam», «Köpetdag» – «Aşgabat» we «Altyn asyr» – «Nebiçi» toparlary zara bäsleşerler.