mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Garaşsyzlyk – Watanymyzyň şöhraty

view-icon 3137
Garaşsyzlyk – Watanymyzyň şöhraty
Garaşsyzlyk – Watanymyzyň şöhraty
Garaşsyzlyk – Watanymyzyň şöhraty
Garaşsyzlyk – Watanymyzyň şöhraty

Şeýle at bilen Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli sergi açyldy.

Serginiň gymmatlyklary ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten derejesine şaýatlyk edýär. Bu ýerde ak mermerli paýtagtymyzyň, täze obalaryň, halk hojalygy binalarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen gözel ýerleriniň fotosuratlary goýlupdyr. Türkmen halyçylarynyň dokan eziz Diýarymyzyň gözelligini şekillendirýän haly pannosy sergä aýratyn bezeg berýär.

Serginiň merkezi böleginde – Garaşsyzlyk binasynyň şekili goýlupdyr. Ondan gaýdýan bäş şaha Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisinde gazanylan üstünlikleri beýan edýär. Bäş şöhle görnüşindäki şeýle gurluş muzeýde ilkinji gezek ulanylýar.

Serginiň açylyş dabarasyna jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Aşgabat şäheriniň Halk Maslahatynyň deputatlary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we medeniýet işgärleri gatnaşdylar.

«Garaşsyzlyk – Watanymyzyň şöhraty» atly sergi sentýabryň ahryna çenli dowam eder.