mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara

view-icon 2701

Mähriban Watanymyzyň
ýaş aýdymçy ýigitleri we gyzlary!

Gadyrly ýaşlar!

Sizi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda ilkinji gezek geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyny, agzybirligini, abadançylygyny, döwletli Diýarymyzyň bedew batly ösüşlerini şirwan perdelerden gaýnap çykýan milli bagşyçylyk sungatymyzda giňden wasp etmekde size döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.

Eziz Watanymyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan beýik özgertmeler, tutumly maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Berkarar döwletimiziň ähli ulgamlarynda ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan uly üstünlikler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny barha artdyrýar. Mähriban Watanymyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarda gurlup ulanmaga berilýän desgalar, medeni-durmuş maksatly binalar, senagat-önümçilik toplumlary ýurdumyzyň taryhy ösüşlere beslenmeginde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, ýaş nesillerimiziň kämil ylym-bilim almaklary, okamaklary üçin ähli şertleri döretmek, olary iş bilen üpjün etmek babatda döwletimizde giň gerimli işler alnyp barylýar.

Gadyrly
ýaş bagşy-sazandalar!

Biz türkmen medeniýetini, sungatyny ösdürmäge uly ähmiýet berýäris. Ýurdumyzyň medeniýetini, sungatyny kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrýarys. Milli medeniýet we sungat häzirki döwürde jemgyýetimiziň ruhy güýjüne, ýurdumyzyň döredijilik kuwwatyna öwrülýär. Gahryman Arkadagymyz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitaplarynda milli aýdym-saz sungatymyzyň halkymyzyň şöhratly taryhynda, ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerinde tutýan aýratyn ornuny giňden beýan edýär. Munuň özi ýaş nesilleriň kalbynda türkmen aýdym-saz sungatyna, bagşyçylyk ýollaryna söýgi döretmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Ata-babalarymyzdan miras galan milli sungatymyzda aýdym-sazyň, bagşyçylygyň aýratyn orny bar. Biz meşhur sungat ussatlarymyzdan, halypa bagşy-sazandalarymyzdan şu günlere gelip ýeten aýdym-saz sungatymyza buýsanmaga haklydyrys. Şükür bagşynyň, Amangeldi Gönübegiň, Sary bagşynyň, Täçmämmet Suhangulyýewiň, Mylly Täçmyradowyň, Sahy Jepbarowyň, Orazgeldi Ylýasowyň, Nurberdi Gulowyň, Magtymguly Garlyýewiň, Mustak Aýmedowyň, Nobat bagşynyň, Gurt Ýakubowyň we ençeme beýleki meşhur bagşy-sazandalarymyzyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren aýdym-sazlary milli bagşyçylyk sungatymyzyň kämillik derejesini has-da belende göterdi. Halkymyzyň bagşyçylyk sungatynda halypa-şägirtlik ýoly häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýär.

Türkmen halky şöhratly taryhynyň dowamynda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny yzygiderli kämilleşdirip gelen halkdyr. Dutar bilen gyjagyň sazlaşykly owazy bolsa dost-doganlygyň, parahatçylyk söýüjiligiň mukamy bolup, ýüreklerde orun aldy. Halkymyzyň dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ýurdumyzyň durmuşynda taryhy waka boldy. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşigi hem türkmen mukamlarynyň, joşgunly aýdymlaryň gadyr-gymmatyny has-da belende göterýär. Bu bäsleşik dutarda saz çalmaga, aýdym aýtmaga höwesli täze zehinli ýaşlary ýüze çykarýar.

Mähriban
bagşy-sazandalarymyz!

Häzirki wagtda eziz Watanymyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarda aýdym-saz sungatyna ýöriteleşdirilen okuw mekdepleriniň, çagalar sazçylyk we sungat mekdepleriniň birnäçesi hereket edýär. Olarda ýaş nesillere saz çalmagyň, aýdym aýtmagyň inçe ýollary öwredilýär. Siz geljekde-de türkmen bagşyçylyk sungatyna çäksiz söýgi bilen döredijilikli zähmet çekip, aýdym-saz sungatymyzyň dünýäde giňden tanalmagyna, döwrebap aýdym-sazlar bilen baýlaşmagyna mynasyp goşant goşmalysyňyz. Siziň juwan kalbyňyzdan joşup çykýan şirin aýdymlar, milli saz gurallarymyzda çalýan joşgunly sazlaryňyz bagtyýar ildeşlerimizi il-ýurt bähbitli belent maksatlara ruhlandyrmalydyr. Özboluşly owazlary, şirin mukamlary bilen dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýe bolan aýdym-saz sungatymyzy, milli bagşyçylyk ýollarymyzy kämilleşdirmek üçin döwletimiz tarapyndan geljekde-de uly işler alnyp barlar.

Gadyrly
ýaş bagşy-sazandalar!

Sizi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzda dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda ilkinji gezek geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, türkmen aýdym-saz sungatyny täze eserler bilen baýlaşdyrmakda döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.