Ï «Hoşboý ysly Güýz» konserti
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Hoşboý ysly Güýz» konserti

view-icon 4572
«Hoşboý ysly Güýz» konserti

«Hoşboý ysly Güýz» – Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Röwşen Nepesow 2022-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda geçiriljek konserte şeýle liriki at beripdir.

Şol agşam konsertde «Türkmenistanyň Altyn Asyry» baýragynyň eýesi Döwletmämmet Ökdirow we Eziz Jumanyýazow dirižýorlyk ederler. Röwşen Nepesowyň özi bolsa fortepiano çalar.

Konsertde Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti Selbi Annadurdyýewa, «Türkmenistanyň Altyn Asyry» baýragynyň eýesi Leýli Ökdirowa hem çykyş ederler.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +99364055330, +99361727863, +99363369259.