Ï Amyderýanyň üstünden gurlan köprüler rowaçlyga badalga
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Amyderýanyň üstünden gurlan köprüler rowaçlyga badalga

view-icon 7646
Amyderýanyň üstünden gurlan köprüler rowaçlyga badalga

Ýurdumyzda hereket edýän awtomobil ýollarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy, ýurt we halkara möçberinde täze demir ýol ulgamlarynyň ençemesiniň gurulmagy we deňiz flotunyň işiniň kämilleşdirilmegi babatda iri taslamalar amala aşyryldy. Munuň özi Türkmenistany diňe bir Merkezi Aziýada däl, eýsem, tutuş Ewraziýa yklymynda üstaşyr Halkara ulag geçiriji döwlet hökmünde orta çykardy. Türkmenistanda ulag infrastrukturasynyň yzygiderli ösdürilmegi döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalanmagyna, halkara derejesinde abraý-mertebesiniň ýokarlanmagyna, goňşy döwletler bilen özara bähbitli ykdysady, söwda we medeni hyzmatdaşlygy has-da artdyrmaklyga, şonuň bilen birlikde hem sebitde durnukly parahatçylygy üpjün etmäge ýardam etdi.

Ýurdumyzda demir ýol we awtomobil ulaglarynyň möhüm orna eýedigini bellemek zerur. Bu babatda ýatlananda, Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtomobil köprüleriniň aýratyn ähmiýetini aýtmak wajypdyr.

Amyderýanyň üstünden demir ýol köprüsini gurmagyň taryhy tejribesi öz gözbaşyny ХIХ asyryň ikinji ýarymyndan alyp gaýdýar. 1886-njy ýylyň noýabr aýynyň 29-ynda Çärjewe (häzirki Türkmenabada) ilkinji demir ýol ulagy gelýär. Amyderýadan Buhara, ondan soňra Samarkanda çenli demir ýol üçin gurluşyk materiallaryny Jeýhunyň üstünden gämilerde geçirip, aňry alyp gitmek gurluşyk işlerini bökdäpdir. Şonuň üçin hem derýanyň üstünden wagtlaýyn hem bolsa köpri gurmak barada karara gelinýär. Şonuň netijesinde 1887 – nji ýylyň 1-nji sentýabrynda wagtlaýyn agaç köpriniň gurluşygyna girişilipdir. 1888-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Amyderýanyň üstünden geçýän ilkinji köpriniň gurluşygy tamamlanyp, ondan ilkinji demir ýol ulagy geçirilýär. Bu wagtlaýyn köpri 13 ýyldan gowrak wagtlap ulanylypdyr. Wagtyň çeçmegi bilen köpride jaýryklaryň döremegi we artmagy netijesinde, onuň üstünden gatnaw togtadylýar. Hut şonuň üçin hem berk, ygtybarly köprini gurmak zerurlygy ýüze çykypdyr. Amyderýa ýaly çalt we towlanyp akýan, kenarlaryny oýup-opuryp barýan derýanyň üstünden dünýä derejesinde köpri gurmak tejribesiniň ýokdugyna garamazdan düýpli taýýarlyk işlerinden soňra, 1898-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda derýanyň üstünden hemişelik hereket etjek köpriniň gurluşygy başlanýar. Işçi-gullukçylaryň 3000-den gowragynyň gatnaşmagynda gurluşygy dowam eden bu köpri 1901-nji ýylyň 27-nji maýynda gurlup tamamlanýar we resmi ýagdaýda açylar. Bu köpriniň 100 ýyldan gowrak hyzmat edendigini belläp geçmek bolar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň, döwletimiziň milli bähbitlerinden gözbaş alýan, häzirkizamanyň ösen tehnologiýasy esasynda Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtomobil köprileriniň birnäçesi gurlup ulanylmaga berildi. 2009-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda kyn inženerçilik çözgütleri, ägirt uly desgalary talap edýän Kerki – Kerkiçi demir ýol köprüsi gurlup, ulanylyşa girizildi. Taryhy we ägirt uly ykdysady ähmiýetli bu köpriniň gurluşygyna 600-den gowrak adam gatnaşdy. Köpriniň gurluşygyna 16 müň 600 tonna metal gurnamalaryň, 98 müň kub metr demir-beton sarp edilýär. Köpriniň golaýynda kenar berkidiş işleriniň amala aşyrylmagy, seýsmiki durnuklylygyň göz öňünde tutulmagy, ulag howpsuzlygyny doly üpjün etmäge gönükdirilendir. Kerki – Kerkiçi demir ýol köprüsiniň ulanylmaga berilmegi ýükleri daşamagyň bahasynyň 3-5 esse kemelmegini üpjün etdi. Amyderýanyň sag kenarynda uly senagat taslamalarynyň amala aşyrylýandygyny belläp geçmek möhümdir. Derýanyň sag kenarynda bar bolan ägirt uly baýlyklary döwletimiziň, halkymyzyň bähbidine peýdalanmak babatda bu köprä möhüm orun degişlidir. 2013-nji ýylyň 14-nji fewralynda Amyderýanyň üstünden gurlan Kerki – Kerkiçi awtomobil köprüsi hem ulanylmaga berildi. Bu köpriniň hem ýurdumyzyň durmuş – ykdysady taýdan ösmegi üçin täze strategiki ulag geçirijä öwrülendigini buýsanç bilen belläp geçmek bolar.

Diňe bir biziň döwletimiz däl, eýsem, sebit derejesinde hem juda möhüm ähmiýete eýe bolan, 1901-nji ýylda gurlup, ulanylmaga berlen öňki demir ýol köprüsiniň gurluşygynyň käbir serişdeleriniň könelip başlandygy sebäpli, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýyldaky Karary bilen Türkmenabat – Farap demir ýol we awtomol köprilerini gurmak barada çözgüt kabul edilýär. Bu möhüm we örän jogapkärli taslamany amala aşyrmak Ukrainanyň “Altkom” kompaniýasyna ynanylýar. 2017-nji ýylyň mart aýynyň 7-sinde resmi taýdan dabaraly açylan, uzynlygy 1 müň 750 metre barabar bolan bu demir ýol köprüsi agyr ýükleri göteriji demir ýol ulaglary üçin niýetlenendir. Köpriniň gurluşygynda berk gurnamalardan peýdalanylyp, ol seýsmiki taýdan durnuklylygy bilen tapawutlanýar. Demir ýol köprüsi derýanyň 40 metr çuňlugyndan başlanýan 1,5 metr diametri bolan demir-beton sütünleriň üstünde durýar. Ol sütünler suw sürtülmesinden goralmak üçin aýnapoliefir turbalary bilen örtülen. Bu köpriniň aşagyndan gämi gatnawuny amala aşyrmak üçin 60 metr giňlik we 10 metr beýiklik goýlan. Derýanyň iki kenarynda hem kenarberkidiş işleri geçirilip, ol suwuň islendik derejesinde hem bu desgany goramaga ukyplydyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen demir ýol köprüsiniň ýakynynda Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň gurluşygyna hem girişildi. Ukrainanyň “Altkom” ýol – gurluşyk ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan awtomobil köprüsiniň gurluşygynda ylmy-gözleg, geofiziki, geologiki, inženerçilik – tehniki we gurluşyk-gurnama işleriniň uly toplumy amala aşyryldy. Köprini ýokary hilli armaturaly beton sütünleriň 17-si saklaýar. Bu köprüde hem ol sütünler aýnapoliefir turbalary bilen örtülendir. Döwrebap desganyň 4 hatarly ýol bölegi bolup, onuň ini 21,5 metre deň. Köpriniň ýol örtügi iň döwrebap polimer serişdesi bolan matakrildir. Ol ýokary derejede berk hem-de uzak möhlet hyzmat etmek üçin niýetlenen, şeýle hem örän ýuka bolup, asfalt bilen deňeşdirilende has ýeňil we Günüň ultramelewşe şöhlelerine durnukly. Awtoulaglaryň hereketiniň howpsuzlygny üpjün etmek maksady bilen köprä barýan ugurlarda uzynlygy 6 kilometre deň bolan eňňit sowma ýollar gurlupdyr. Köpriniň iki tarapynda ini 1,5 metr bolan pyýada ýollar bar.

Amyderýanyň üstünden gurlan köpriler dünýä derejesinde taryhy ähmiýetlidir. Bu köpriler diňe bir Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň mundan bu ýana hem artmagyna däl-de, eýsem, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýeti üçin, özara bähbitli hyzmatdaşlyk, doganlyk gatnaşyklar üçin hem ägirt uly ähmiýete eýedir. Ynsanperwer. parahatsöýüjilikli dost – doganlyk ýörelgeler bolsa, Garaşsyz Diýarymyzyň daşary syýasatynyň özenidir. Köpriler ýollary, ýollar bolsa illeri birleşdirýär. Amyderýanyň üstünden gurlan köpriler bu ýörelgeleri özünde jemleýän rowaç işlere badalgadyr.