Ï Ulag hyzmatlarynyň hili ýokarlanar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ulag hyzmatlarynyň hili ýokarlanar

view-icon 5015
Ulag hyzmatlarynyň hili ýokarlanar

Daşoguz şäherinde ýolagçylar üçin häzirkizaman awtoulag menziliniň (terminalynyň) gurluşygy soňky tapgyrda barýar.

Bu ýerde metal gurluşlardan galdyrylan esasy binanyň we täze gurulýan binanyň düzümine girýän dürli maksatly beýleki jaýlaryň gurluşygy tamamlandy. Şu günler “Muhammet-Balkan” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri içki timarlaýyş işlerini alyp barýarlar, binanyň daş-töweregi abadanlaşdyryp, ulag ýollaryny asfaltlaýarlar we ýanaşyk ýerlere dürli baglary ekýärler.

Şäheriň Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän bu desga üç gektar meýdany tutýar. Ol häzirkizaman aragatnaşyk serişdeleri bilen doly enjamlaşdyrylypdyr, şeýle hem onda garaşma otagy, awtobuslara we üsti ýapyk taksi duralgalaryna amatly çykalgalar, ýolagçy ulagynyň ähli görnüşine petek satýan kassalar, maglumat gullugynyň jaýy, goş saklanýan bölüm, awtobuslar üçin ýuwalga we beýleki zerur desgalar bar. Merkeziň işe girizilmegi ilata hödürlenýän ulag hyzmatlarynyň derejesini ep-esli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer we döwlet awtoulaglary bilen amala aşyrylýan ýolagçy gatnawynyň möçberiniň artmagyna täsir eder.