Ï Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIII maslahatyna gatnaşyjylara
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIII maslahatyna gatnaşyjylara

view-icon 4407
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIII maslahatyna gatnaşyjylara

Dünýä türkmenleriniň
ynsanperwer birleşiginiň
hormatly agzalary!

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy, şeýle-de bu beýik baýrama bagyşlanan şanly waka — Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIII maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Mukaddes Garaşsyzlygymyz merdana halkymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen nurana arzuwlarynyň, arzyly umytlarynyň, erk-islegleriniň hasyl bolmagydyr. Şoňa görä-de, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda bagtyýarlygymyzyň we berkararlygymyzyň beýik baýramy bolan Garaşsyzlyk gününi köpöwüşginli aýdym-sazly medeni-köpçülikleýin dabaralar bilen garşy alýarys.

Eziz Watanymyzyň dünýä dolan abraý-mertebesi, halkymyzyň agzybirligi we jebisligi, döwletliligimiz hem-de rowaçlygymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Taryh üçin uzak bolmadyk döwürde demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiz kemala geldi, dünýä bileleşigi bilen dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary ýola goýuldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döretmäge we gurmaga ruhlandyrýan beýik ýörelgelerimizden, milli buýsanjy terbiýeleýän watansöýüjilik, ynsanperwerlik taglymatlarymyzdan ugur alyp, Garaşsyz Diýarymyzy belent maksatlara tarap bedew bady bilen ynamly öňe alyp barýarys. Milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýan hem-de ýurdumyzy kuwwatly döwlete öwürmäge gönükdirilen maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys. Täze obadyr şäherleri, merjen paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we sebitlerimizde döwrebap bilim edaralaryny, ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny, iri senagat-önümçilik kärhanalaryny gurýarys. Medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda, gurluşyk, senagat, oba hojalygy, nebitgaz pudaklarynda ýokary depginli ösüşleri gazanýarys. Täze taryhy döwürde umumadamzat ähmiýetli başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edip, berkarar Watanymyzyň dünýä bileleşigindäki ornuny has-da berkidýäris. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýatlyk esaslarynyň has-da pugtalandyrylýandygyny, bagtyýarlygyň, abadançylygyň ýurdy hökmünde eziz Diýarymyzyň gülläp ösýändigini tassyklaýan üstünliklerimiz hem-de ýeten belent sepgitlerimiz mähriban halkymyz bilen birlikde dünýä türkmenlerinde hem uly buýsanç duýgusyny döredýär.

Eziz doganlar,
mähriban watandaşlar!

Dünýä türkmenleri bilen dostlukly gatnaşyklarymyzy has-da giňeltmek biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Biz türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan ýurtlary bolan Russiýa Federasiýasy, Beýik Britaniýa, Germaniýa Federatiw Respublikasy, Şweýsariýa Konfederasiýasy, Ukraina, Türkiýe Respublikasy, Özbegistan Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Täjigistan Respublikasy, Owganystan, Pakistan Yslam Respublikasy, Birleşen Arap Emirlikleri, Saud Arabystany Patyşalygy we beýleki ýurtlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýäris.

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurtlardaky bölümleri özara doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, tutuş türkmen halkynyň bähbidi ugrunda maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirýär. Bu guramanyň işewür agzalary batly gadamlar bilen öňe barýan ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Täze döwürde biz bu işleriň gerimini mundan beýläk-de giňelderis, ylym we bilim, medeniýet, telekeçilik ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegi üçin zerur şertleri dörederis. Bu ugurda watansöýüjiligi, dostlugy, ynsanperwerligi ýörelge edinen doganlarymyzyň biziň alyp barýan içeri hem-de daşary syýasatymyzy goldamagy döwletimizi, jemgyýetimizi gülledip ösdürmekde egsilmez güýç-kuwwat berýär.

Watan müňýyllyklardan gözbaş alýan milli düşünjämizdir. Watana bolan söýgi ýüreklerimizde baky orun alan päkize duýgudyr. Şoňa görä-de, parahatçylygyň we dostlugyň mekany bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz hakyndaky beýik düşünjelerimizi Ýer ýüzünde dabaralandyrmak biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Çünki Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!

Dünýä türkmenleriniň
ynsanperwer birleşiginiň
hormatly agzalary!

Men birleşigiň XXIII maslahatynyň dünýä türkmenlerini has-da jebisleşdirmek, doganlyk gatnaşyklarymyzy we agzybirligimizi pugtalandyrmak, ählumumy parahatçylyga, dostluga, abadançylyga, ösüşe gönükdirilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek babatda örän uly ähmiýete eýe boljakdygyna pugta ynanýaryn.

Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe okgunly ösüşleriň we özgerişleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz Watanymyz mundan beýläk-de gülläp össün! Goý, Bitarap Watanymyzyň abraý-mertebesi, agzybirligimiz we jebisligimiz, döwletliligimiz, rowaçlygymyz dünýä dolsun! Size berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny mundan beýläk-de dabaralandyrmak, doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.