Ï Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň hormatly myhmany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň hormatly myhmany

view-icon 4602

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki günlük iş sapary bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady. Döwlet Baştutanymyz özbek Lideri Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşar.

Garaşsyz Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan hem-de ählumumy abadançylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasy ugruna laýyklykda, hyzmatdaş ýurtlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde netijeli özara gatnaşyklary üstünlikli ösdürýär. 50-ä golaý gowrak abraýly halkara we sebit guramalarynyň doly hukukly agzasy bolan ýurdumyzyň dünýäniň syýasy, ykdysady giňişligindäki ornunyň barha pugtalanmagyna köp babatda onuň agzasy bolmadyk aýry-aýry döwletara birleşikleriň duşuşyklaryna işjeň gatnaşmagy ýardam edýär. Türkmenistan şol döwletleriň köpugurly, deňhukukly gatnaşyklary ýola goýmakdaky çemeleşmelerini goldaýar. Şeýle guramalaryň hatarynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy aýratyn orny eýeleýär. Sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy goldamak bu guramanyň işiniň ileri tutulýan ugrudyr. ŞHG-ä agza ýurtlar Türkmenistanyň ozaldan gelýän hyzmatdaşlary, goňşulary, dostlarydyr. Olar bilen bilelikde eýýäm ençeme möhüm taslamalar amala aşyryldy we amala aşyrylmagy dowam edýär. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlyk sebitiň halklarynyň taryhyň dowamynda ýola goýlan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hem-de ähli möhüm ugurlar boýunça gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine ýardam berýär.

2001-nji ýylda döredilen bu abraýly düzüm häzirki wagtda hemişelik esasda hereket edýän halkara hökümetara bileleşige öwrüldi. Häzirki wagtda onuň düzümine Hindistan Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Hytaý Halk Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Pakistan Yslam Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Täjigistan Respublikasy, Özbegistan Respublikasy girýär. Birnäçe döwlet bu guramanyň işine synçy hem-de dialog boýunça hyzmatdaş derejesinde gatnaşýar. Agza ýurtlaryň arasynda özara ynamy hem-de hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmak, olaryň syýasy, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni ulgamlardaky netijeli hyzmatdaşlygyna ýardam bermek, dünýäde demokratik, adalatly syýasy hem-de ykdysady tertibi döretmäge çalyşmak bu guramanyň Tertipnamasynda bellenen esasy wezipeleriň hataryndadyr.

Ýewraziýa yklymynda uly täsiri bolan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlyk sebitara gatnaşyklary ösdürmek bilen baglylykda, uly mümkinçilikleri açýar hem-de bar bolan kuwwaty ulanmak arkaly milli ykdysadyýetleriň doly derejede ösdürilmegine, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýokary derejedäki nobatdaky duşuşyga çagyrylmagy häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň oýlanyşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeleýän hem-de ägirt uly döredijilik kuwwatyny ählumumy bähbitleriň hatyrasyna ulanmaga çalyşýan Türkmenistanyň ýokary halkara abraýynyň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň uçary ir bilen türkmen paýtagtynyň Halkara howa menzilinden ugrap, bir ýarym sagatdan Samarkant şäheriniň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň resmi adamlary garşyladylar.

Baýdak sütünlerinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary galdyryldy. Uçardan düşülýän ýerden gelýän haly ýodajygynyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Belent mertebeli türkmen myhmanyna gül desseleri gowşuryldy.

Ertir — 16-njy sentýabrda geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtly kärdeşleri — Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, şeýle-de, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Çžan Min bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Sammitiň meýdançalarynda guralan duşuşyklar türkmen tarapynyň deňhukuklylyk, ynanyşmak hem-de özara bähbitlilik esasynda guralýan köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmekde işjeň orun eýeleýändiginiň aýdyň beýany boldy.

Iş saparynyň birinji gününiň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň “Hazrati Hizr” toplumyndaky mawzoleýine bardy we bu ýerde türkmen-özbek doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, ösdürilmegine ägirt uly şahsy goşandyny goşan görnükli syýasy hem-de döwlet işgäriniň ýagty ýadygärliginiň hormatyna gül dessesini goýdy.

Agşam hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni Hormatly myhmanlar seýilgähine ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz bag nahalyny oturtdy. Munuň özi doganlyk ýurtlaryň we olaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ýene-de bir nyşany boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna iş sapary dowam edýär.