Ï Türkmenistan GDA-nyň Gidrometeorologiýa boýunça döwletara geňeşiniň 33-nji mejlisine gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan GDA-nyň Gidrometeorologiýa boýunça döwletara geňeşiniň 33-nji mejlisine gatnaşdy

view-icon 3304
Türkmenistan GDA-nyň Gidrometeorologiýa boýunça döwletara geňeşiniň 33-nji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Gidrometeorologiýa boýunça döwletara geňeşiniň 33-nji mejlisine gatnaşdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilen mejlise GDA ýurtlarynyň Milli gidrometeorologiýa gulluklarynyň, Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Howa şertleriniň adam durmuşyna täsiri ählumumy ileri tutulýan ugurlaryň arasynda möhüm orunlaryň birini eýeleýär, çünki ýaşaýyş gurşawyny saklap galmak we sagdynlaşdyrmak jemgyýetiň durnukly ösüşiniň hem-de siwilizasiýamyzyň geljeginiň aýrylmaz şertidir. Şu jähetden çykyş edenleriň belleýşi ýaly, GDA agza ýurtlaryň çäklerinde döwletara gidrometeorologiýa ulgamy üstünlikli işleýär, şeýle hem gidrometeorologik maglumatlary alyşmak üçin umumy giňişlik saklanyp galynýar.

Arkalaşyga agza döwletletiň gidrometeorologiýa gulluklarynyň, aýratyn-da Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň özara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, olaryň GDA ýurtlarynyň gidrometeorlogiýa işini ösdürmek Strategiýasyny ýerine ýetirmegi duşuşykda garalan esasy temalar boldy.

GDA giňişliginiň mejlisinde raýat awiasiýasynyň howa gämileriniň uçuşynyň meteorologiýa üpjünçiligine we suw desgalarynda gidrobiologik gözegçiligi guramaga we geçirmäge aýratyn üns berildi.