Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Gadyrly türgenler!
Sizi Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde geçirilen karate-do boýunça halkara ýaryşda, şeýle-de Awstriýa Respublikasynyň Oberwart şäherinde guralan dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk çempionatynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň halkara sport abraýy täze derejelere ýetdi. Dünýäde iri halkara sport ýaryşlaryny geçirmäge ukyply döwlet hökmünde ykrar edilen ata Watanymyzda dürli ýaryşlaryň, şol sanda halkara derejedäki ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi sport boýunça özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Garaşsyz Watanymyzda sportuň ösen ulgamyny döretmek, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, Olimpiýa hereketini ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär.
Hormatly adamlar!
Türkmenistan döwletimiz, aýratyn-da, paýtagtymyz Aşgabat halkara sport hyzmatdaşlygynyň merkezleriniň birine öwrüldi. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde Halkara Olimpiýa Komiteti, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna sport boýunça halkara býurosy, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen parahatçylygyň we ynsanperwerligiň pugtalandyrylmagyny şertlendirýän gatnaşyklaryň gerimi giňeýär. Eziz Diýarymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, «Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşy, şeýle-de Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty üstünlikli geçirildi. Munuň özi türkmen sportunyň halkara derejedäki abraýynyň ýokarlanmagyna oňyn täsir etdi.
Berkarar döwletimiziň ähli künjeklerinde sport toplumlarynyň, stadionlaryň we beýleki sport maksatly binalaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi türkmenistanly türgenleriň dürli sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmegine uly itergi berýär. Türgenlerimiz halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Bu bolsa ýaş nesillere buýsanjymyzy has-da artdyrýar.
Ýaponiýada geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň türgenleriniň mynasyp wekilçilik etmekleri, Watanymyzyň sport taryhynda ilkinji Olimpiýa medalynyň gazanylmagy döwletimizde sporty ösdürmäge uly üns berilýändigine şaýatlyk etdi. Biz muňa türkmen sportunyň ýeňişli ýollarynyň başlangyjy hökmünde seredýäris.
Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň bagtyýar ýaşlary!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri siziň öňüňizde sport üstünlikleriniň täze gapysyny açýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň sport abraýyny artdyrmak, ilkinji nobatda, siziň paýyňyza düşýär.
Ata-babalarymyzyň merdana we ýeňişli ýollaryny mynasyp dowam etdirip, siz türkmen türgenleriniň sport ussatlygyny halkara ýaryşlara gatnaşyp, medallary gazanmak arkaly subut etmelisiňiz. Siziň dürli ýaryşlarda ajaýyp netijeleri gazanmak bilen, Döwlet tugumyzy al-asmanda parladyp, Türkmenistanyň abraý-mertebesini gorajakdygyňyza pugta ynanýaryn.
Gadyrly dabara gatnaşyjylar!
Türkmenistan halkara sport hyzmatdaşlygyny gönüden-göni Birleşen Milletler Guramasynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagy bilen baglanyşdyrýar. Munuň özi täze wezipeleri öňümizde goýmak bilen, ýurdumyzy mundan beýläk-de halkara sport ýaryşlarynyň, Olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän döwrebap merkezine öwürmegi göz öňünde tutýar. Biz sportuň mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek arkaly täze sport düzümlerini dörederis. Hakyky sport söýüjileriň, ussat türgenleriň döwrebap neslini kemala getireris. Çünki ýaş nesillerimiziň bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmagy döwrüň möhüm talabydyr. Sport sagdynlygyň we gözelligiň çeşmesidir.
Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Gadyrly türgenler!
Sizi halkara derejeli ýaryşlarda gazanan üstünlikleriňiz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.