mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

«Biz güýçlüdiris! Biz deňdiris!»

view-icon 3126
«Biz güýçlüdiris! Biz deňdiris!»
«Biz güýçlüdiris! Biz deňdiris!»
«Biz güýçlüdiris! Biz deňdiris!»
«Biz güýçlüdiris! Biz deňdiris!»

Türkmenistanyň BMG-ä agza döwletleriň sanawyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işleri ministrliginiň we BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň howandarlygynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde kiçi we uly ýaşly paralimpiýadaçylaryň arasynda «Biz güýçlüdiris! Biz deňdiris!» atly sport festiwaly geçirildi.

Ýaş paralimpiýadaçylar bu geçirilen festiwalda özleriniň ähli ukyp-başarnyklaryny görkezip, sportuň futbol, basketbol, woleýbol ýaly görnüşleri boýunça toparlara bölünip bäsleşdiler.

Bäsleşigiň dowamynda görüş derejesi pes bolan adamlar üçin niýetlenen toparlaýyn oýnalýan «Gol, Gol» atly sport oýny ilkinji gezek oýnaldy. Bu futbol oýny duýgurlygy, çalasynlygy, ezberligi ösdürmäge we güýçlendirmäge uly täsir edýär.

Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýanlaryň sanynyň barha artmagy diýseň guwandyryjydyr. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly –

bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär.