mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

«Ahal» topary Maryda «Energetik» toparyny utup, ýeňişleriniň sanyny artdyrdy

view-icon 2306
«Ahal» topary Maryda «Energetik» toparyny utup, ýeňişleriniň sanyny artdyrdy
camera-icon
tff.com.tm

Milli birinjiligiň sanaw tertibinde öňdäki orunda barýan «Ahal» topary Maryda geçen 10-njy tapgyrda ýerli «Energetigi» 4:0 hasabynda utup, Türkmenistanyň çempionatynda gazanan yzygiderli ýeňişleriniň sanyny sekize çenli artdyrdy.

«Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň toparyndan Elman Tagaýew iki (15-nji minutda – jerime urgusyndan we 53-nji minutda), Didar Durdyýew (48-nji) bilen Arslanmyrat Amanowyň hersi bir pökgi (51-nji minutda) geçirdiler. Şondan soň Didar Durdyýewiň hasabynda tora salnan 11 pökgi boldy, netijede ol «Köpetdagyň» hüjümçisi Begenç Akmämmedowdan 1 pökgi artyk geçirmek bilen, köp pökgi geçirenleriň arasynda ýene-de öňe saýlandy.

Bu ýeňişden soň 28 utuk toplan «Ahal» şu tapgyrda Türkmenbaşynyň «Şagadam» toparyny 2:1 hasabynda ýeňen «Altyn asyrdan» 7 utuk öňdeligini elde saklady. Häzirki çempion iki pökini-de arakesmäniň öňýany tora girizdi: 44-nji minutda Begmyrat Baýow hasaby açdy, oýnuň birinji ýarymyna goşulan wagtyň ilkinji minutynda bolsa Begençmyrat Myradow ýer eýeleriniň artykmaçlygyny iki esse artdyrdy. Myhmanlar Hakmuhammet Bäşimowyň tagallasy bilen 68-nji minutda bir jogap pökgini tora saldylar.

Onuň söbügini basyp gelýän iki topar – «Merw» we «Köpetdag» «Altyn asyrdan» galmady. Şu tapgyrdaky duşuşykda 0:1 hasabynda utulan «Merw» myhmançylykda «Aşgabady» 2:1 hasabynda utdy. Ýeňen topardan Rüstem Mätrzaýew (61-nji) we Söhbet Allanurow (89-njy – jerime urgusyndan) dagy saýlandylar. Utulan topardan gol Hydergeldi Atajanowyň (49-njy) hasabyna ýazyldy.

«Köpetdag» Balkanabatda «Nebitçiden» üstün çykdy – 4:2. Duşuşygyň dowamynda Yhlas Saparmämmedowyň (9-njy minut) we Ýazgylyç Gurbanowyň (17-nji) takyk urgularyndan soň myhmanlaryň 2:0 hasabynda öňe saýlanandyklary bellärliklidir. Emma oýnuň ikinji ýarymynda Serdar Tükiýewiň (49-njy – jerime urgusyndan) we Myratdurdy Baýramowyň (59-njy) salan gollary netijesinde, ýer eýeleri deňligi dikeltmegi başardylar. Duşuşygyň ykbaly jemleýji jürlewüge az galanda, 82-nji minutda Şamämmet Hydyrow «Köpetdagy» 3:2 hasap bilen öňe çykaranda çözüldi, goşmaça wagtyň 3-nji minutynda bolsa Yhlas Saparmämmedow iki gol geçirip, hasaby gutarnykly etdi – 4:2.

Bu ýeňişlerden soň «Merw» bilen «Köpetdagyň» degişlilikde 19 hem 18 utugy boldy; olar milli çempionatyň medallary ugrunda göreşlerini dowam etdirýärler.

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 11-nji tapgyry 29-njy sentýabrda «Aşgabat» – «Energetik» we «Merw» – «Nebitçi» oýunlary bilen başlar. 30-njy sentýabrda bolsa «Köpetdag» – «Altyn asyr» we «Şagadam» – «Ahal» duşuşyklary bilen tamamlanar.