Ï Türkmenistanda yssy howa dowam eder
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda yssy howa dowam eder

view-icon 2681
Türkmenistanda yssy howa dowam eder

Güýz pasly başlan hem bolsa, Diýarymyzda güneşli we yssy howa dowam edýär. Täze başlanan iş hepdesinde howanyň temperaturasy +37, ýurdumyzyň käbir ýerlerinde bolsa +40 gradusa ýeter diýlip çak edilýär.

Aşgabatda hepdäniň başynda +30 ... +32, ahyrynda bolsa +37 gradus howa bolar. Şeýle-de bolsa, howa gijelerine esli salkynlap, +17 ... +19 bilen +20 ... +23 gradus aralygynda bolar. Dynç günleri käbir ýerde howanyň temperaturasy +40 gradusa ýeter.

Ahal welaýatynda güneşli we şemally howa bolar. Howanyň tempearturasy gündizlerine +29 ... +34, gijelerine +14 ... +19 gradus bolar. Dynç günleri howa +37 gradusa çenli gyzar. Gijeki temperatura-da +23 gradusa çenli ýokarlanar.

Balkan welaýatynda şemally howa bolar. Howanyň temperaturasy gündizlerine +32 ... +37, gijelirne +16 ... +21 gradus bolar.

Mary welaýatynda hepdäniň başynda salkyn howa bolar. Howa gündizlerine +28 ... +33, gijelerine +12 ... +17 bolar. Hepdäniň ahyrynda gündizlerine howanyň temperaturasy +36 gradusa çenli ýokarlanar.

Lebap welaýatynda howa gündizlerine +28 ... +33, gijelerine +11 ... +16 gradus bolar. Dynç günleri howanyň temperaturasy +31 ... 36 gradusa ýeter. Şemal öwüsmegi mümkin.

Daşoguz welaýatynda açyk howa bolar. Howa gündizlerine +25 ...30, gijelerine +10 ... +15 gradus bolar. Hepdäniň ahyryna gündizlerine temperatura +35 gradusa çenli ýokarlanar, 16 m/s tizlikde şemal bolar diýlip garaşylýar.