Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar

view-icon 4483

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Doglan günüňiz mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.

Şu ýyl Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýar. Taraplaryň bilelikdäki tagallalary netijesinde hytaý-türkmen gatnaşyklary ýokary ösüş depginine eýe boldy, ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk täze derejä çykaryldy. Şu ýylyň mart aýynda Siziň bilen telefon söhbetdeşligini geçirdik. Onuň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uly möçberli meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdyk hem-de möhüm ylalaşyklary gazandyk.

Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistanyň halkynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mundan beýläk-de uly üstünlikleri gazanjakdygyna ynanýaryn.

Hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýärin we Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň bähbidine ähli ulgamlarda yzygiderli hyzmatdaşlygyň täze netijelerini gazanmak üçin Siziň bilen bilelikde tagallalary etmäge taýýardyryn.

Size berk jan saglyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Si SZINPIN,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn hem-de Siziň Alyhezretiňize uly kanagatlanma bilen hoşniýetli arzuwlarymy ýollaýaryn.

Sizi asylly ogul, dostlukly türkmen halkynyň beýik ynamyna, hormatyna mynasyp hakyky Lider hökmünde gowy tanaýarys we hormat goýýarys. Türkmenistanyň Baştutany hökmünde Siziň öňe sürýän sebit hem-de ählumumy ähmiýetli başlangyçlaryňyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýandygy aýratyn kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Şu ýylyň iýul aýynda ýurdumyza amala aşyran döwlet saparyňyzy we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň çäklerinde geçiren gepleşiklerimizi ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Biz bilelikdäki tutanýerli tagallalarymyz hem-de geljekde geçirjek ýokary derejedäki duşuşyklarymyz esasynda soňky ýyllarda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, strategik hyzmatdaşlyk ruhunda barha pugtalanýan yzygiderli gatnaşyklarymyzy has-da ösdürip bileris.

Pursatdan peýdalanyp, Sizi durmuşyňyzdaky bu unudylmajak şatlykly sene bilen ýene bir gezek gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, jogapkärli döwlet işleriňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Şawkat MIRZIÝOÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Gyrgyz-tükmen hyzmatdaşlygy dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryň aýdyň mysalydyr. Siziň bilen bilelikde umumy ruhy gymmatlyklara we dostluga, strategik hyzmatdaşlyga esaslanýan Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge taýýardygymy beýan edýärin.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Sadyr ŽAPAROW,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Soňky ýyllarda bilelikdäki tagallalarymyz netijesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz üstünlikli ösdürilýär. Iki ýurduň resmi wekilleriniň arasyndaky yzygiderli duşuşyklaryň hem-de bilelikdäki mejlisleriň geçirilmeginiň iki halkyň sebitde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmagyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygyny has-da berkitjekdigine ynanýaryn.

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlik, Türkmenistanyň halkyna bolsa bagt hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

Seýed Ebrahim RAISI,
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz, çuňňur hormatlanylýan 

Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Siz döwlet Baştutany wezipesinde gysga wagtyň içinde öňdengörüji hem-de tutanýerli, Türkmenistanyň halkyny ähli ulgamlarda täze belentliklere we üstünliklere tarap alyp gitmek ýaly taryhy wezipäni anyk bilýän Lider hökmünde özüňizi görkezdiňiz. Siziň halkara duşuşyklaryňyz, öňe sürýän täze başlangyçlaryňyz hem-de teklipleriňiz dünýä derejesinde parahatçylyk dörediji merkezleriň biri, durnuklylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna, döwletara gatnaşyklarda ynanyşmagyň, deňhukuklylygyň, adalatlylygyň berkarar edilmegine ägirt uly goşant goşýan Bitarap Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki ornunyň berkidilmegine gönükdirilen işleriň mynasyp dowam etdirilýändiginiň subutnamasydyr.

Siziň baştutanlygyňyzda dogduk Watanym Türkmenistanyň, türkmen halkynyň ösüşiň we abadançylygyň täze belentliklerine tarap döredijilikli ýoluny dowam etdirjekdigine, kuwwatly ykdysadyýete hem-de ygtybarly durmuş ulgamyna, häzirki zaman ylmyna, ýokary medeniýete, bilime eýe bolan has okgunly ösýän ýurtlaryň hataryna goşuljakdygyna ynanýaryn. Häzirki we geljekki üstünlikleri Siziň ýadawsyz döwlet hem-de halkara işleriňiz bilen doly baglanyşdyrýaryn.

Size, Siziň maşgalaňyza berk jan saglyk, abadançylyk, şatlykly pursatlary hem-de üstünlikleri, watandaşlarym bolan türkmenistanlylara bolsa asuda asmany, Siziň parasatly baştutanlygyňyzda täze üstünlikleri arzuw edýärin. Siziň bilen duşuşjakdygyma umyt edýärin hem-de sahawatly Watanyma ýene-de baryp görmäge şatdyryn.

Oleg KONONENKO,
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany,
tälimçi, kosmonawt-synagçy, “Roskosmos” korporasiýasynyň
kosmonawtlar toparynyň serkerdesi.