Türkmenistanyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň serhet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň iş duşuşygyna gatnaşdy.
Arkalaşyga agza ýurtlaryň serhetlerinde gabat gelýän bikanun işlere garşy durmagyň görnüşlerini we usullaryny kämilleşdrimek mejlisiň baş temasy boldy.
Maslahata gatnaşýan taraplaryň wekiliýetleri öz döwlet serhetlerini goramakda innowasion çemeleşmeleriň durmuşa geçirilýändigini, öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny bellediler.
Serhet edaralarynyň maddy taýdan üpjünçiligni ösdürmegiň üstünligi: uly möçberli maglumatlaryň seljerilmegine, kiberhowpsuzlygyna, şeýle hem energiýa üpjünçiligini amala aşyrýan bütewi maglumat-telekommunikasiýa ulgamynyň bolmagyna we onuň geçirijiligine baglydyr. Hazirki döwürde döwlet serhetlerini goramak üçin ýörite robot tehniki ulgamlaryny we beýleki kämil enjamlary ulanylmagyna aýratyn üns berilýär.