Ï Arça hakyndaky täsin rowaýat teatryň sahnasynda beýanyny tapdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Arça hakyndaky täsin rowaýat teatryň sahnasynda beýanyny tapdy

view-icon 6309
Arça hakyndaky täsin rowaýat teatryň sahnasynda beýanyny tapdy

Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramyna «Garaşaryn saňa men» spektaklynyň ilkinji görkezilişini taýýarlady.

Täze spektakl Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» edebi işiniň esasynda döredildi.

Kakabaý Zamanow ol ajaýyp eserdäki tymsallaryň birini teatr sahnasyna kybaplaşdyrypdyr. Ony režissýor Gurbanberdi Hallowow sahnalaşdyrypdyr. Drama eseri söýgi hem wepa, mertebe hem borç temalaryny gozgaýar, şeýle hem maşgala gymmatlyklary barada gürrüň berýär.

Köpetdag jülgesindäki gözel tebigatly obada Serwi atly gyz ýaşapdyr. Eneden ir jyda düşen gyzy kakasy terbiýeläpdir. Bu maşgala garyp ekeni, öýdäki bary-ýogy iki dowary Serwi örüde bakypdyr.

Bir gezek Serwi gözel tebigatly meýdanda gül ýygyp ýörkä, oňa Mälik atly ýigit aşyk bolýar. Barjamly maşgaladan çykan ýigit kakasyny Serwi üçin gudaçylgya yrjak bolýar. Ýöne kakasy özüne deň maşgalany tapmagy tabşyrýar. Kän wagt geçmänkä-de, aşyklary aýra saljak bolup atasy ogluny alys illere ugradýar.

Ýyllar geçse-de, Serwi Mäligiň dolanyp geljekdigine, aşyk ýürekleriň birleşjekdigine ynanyp gezýär. Ol her gün Köpetdagyň belent gerşine çykyp, aşygyna garaşyp, uzak ýerlere syn eder ekeni. Serwi şol ýerde kop zaman garaşyp – garaşyp, ösüp oturan arça öwrülýär.

Rowaýatda hemişe gök öwsüp oturan bu pürli agaja siňňin syn etseň, eli ýaglykly Serwini görüp bolýarmyş diýilýär.

Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň bu spektakly ýakyn wagtda tomaşaçylara görkeziler. Spektaklda baş gahrymanlaryň keşplerini Hommat Hommadow (Mälik) bilen Ýazdursun Rahmanowa (Serwi) döredipdirler.