Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar

view-icon 3235

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Ýakynda Moskwada we Aşgabatda bolan duşuşyklarymyzy, netijeli, mazmunly gepleşiklerimizi ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Iýun aýynda gol çekilen Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama, gürrüňsiz, dürli ugurlar boýunça özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin şertleri döredýär.

Dostlukly halklarymyzyň bähbidine, Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmagyň hatyrasyna Siziň bilen dialogy hem-de ýakyndan bilelikdäki işleri dowam etdirmäge şatdyryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we üstünlik arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Wladimir Putin,

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Türkmenistan syýasy taýdan döwrebaplaşmak, raýatlaryň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmak hem-de ýurduň halkara abraýyny has-da belende götermek ýoly bilen ynamly öňe barýar.

Gazagystanda Size ýurtlarymyzyň arasyndaky köpasyrlyk dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga tüýs ýürekden gyzyklanma bildirýän ygtybarly dost we hyzmatdaş hökmünde garalýar. Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde gazak-türkmen gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de strategik hyzmatdaşlyk ruhunda depginli ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size jogapkärli döwlet işiňizde üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Kasym-Žomart Tokaýew,

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size ähli gowulyklary hem-de döwlet Baştutanynyň ýokary wezipesinde doganlyk Türkmenistanyň mundan beýläk-de ösüşiniň we abadançylygynyň bähbidine jogapkärli işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin.

Strategik häsiýete eýe bolan dostlukly hem-de köptaraplaýyn täjik-türkmen hyzmatdaşlygy häzirki wagtda özara bähbitli ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýär.

Ýurtlarymyzyň döwletara gatnaşyklarynyň doganlyk halklarymyzyň bähbidine bilelikdäki tagallalar esasynda mundan beýläk-de giňeldiljekdigine we ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Hormatlamak bilen,

Emomali Rahmon,

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Siziň ýaşlygyňyzyň, gujur-gaýratyňyzyň hem-de jogapkärli wezipelerdäki iş tejribäňiziň döwlet gurluşynda, türkmen halkynyň abadançylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak işinde uly üstünlikleri gazanmaga mümkinçilik berjekdigine pugta ynanýaryn.

Belarus Respublikasynyň Türkmenistan bilen dostluga, ynanyşmaga we hormat goýmaga esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigini tassyklaýaryn. Ýurtlarymyzyň bähbitlerine kybap gelýän netijeli gatnaşyklaryň dowam etdiriljekdigine ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de Watanyňyzyň bähbidine alyp barýan işleriňizde üstünlik arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Aleksandr Lukaşenko,

Belarus Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli Size ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Umumy taryhy kökler, doganlyk, özara ynanyşmak, birek-birege goldaw bermek ýaly berk binýatlarda gurlan azerbaýjan-türkmen gatnaşyklary hem-de hyzmatdaşlygy häzirki günde depginli ösdürilýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy gatnaşyklara, halkara guramalaryň çäklerindäki strategik hyzmatdaşlyga, özara goldawa ýokary baha berýärin.

Doganlyk halklarymyzyň bähbitlerine laýyklykda, Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bilelikdäki tagallalarymyzyň dowam etdiriljekdigine ynanýaryn.

Şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda Siziň bilen hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşyklarymyzy we pikir alyşmalarymyzy iň ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn.

Şu şanly günde Size ýene bir gezek gutlaglarymy beýan edýärin hem-de berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işiňizde mundan beýläk-de üstünlik arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Ilham Aliýew,

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi gruzin halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli işiňizde üstünlik arzuw edýärin.

Siziň Türkmenistanyň Prezidenti hökmünde ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigiňize, ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ädimleri ätjekdigimize ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy hem-de dostlukly türkmen halkyna parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk baradaky arzuwlarymy kabul ediň!

Hormatlamak bilen,

Salome Zurabişwili,

Gruziýanyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Azat ediş güni mynasybetli iberen gutlag hatyňyz üçin Size hoşallygymy beýan edýärin hem-de dürli ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyga umyt edýärin.

1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan bäri ýurtlarymyzyň arasynda syýasy, ykdysady, medeni we beýleki ugurlarda dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Şu ýyl aýratyn ähmiýete eýe bolup, ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýär. Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine bil baglaýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Siziň beýik ýurduňyza bolsa gülläp ösüş arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Ýun Sok Ýol,

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň adyndan we hut öz adymdan doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Rus-türkmen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerine yzygiderli ünsüňizi aýratyn bellemek isleýärin. Söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrylýar, energetika, senagat, innowasiýalar ulgamlarynda geljegi uly bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär, sebitara gatnaşyklar we işewür hyzmatdaşlyklar giňeldilýär. Bilelikde işlemek tejribesiniň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagynyň, dürli ugurlarda özara bähbitli täze başlangyçlaryň ilerledilmeginiň Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň bähbitlerine doly kybap gelýändigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size ýetip gelýän Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglarymy beýan edýärin! Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň ähli raýatlaryna bolsa bagtyýarlyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Mihail Mişustin,

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň! Siziň ýokary ussatlyga we tejribä esaslanýan işiňiziň doganlyk Türkmenistanyň gülläp ösüşine, onuň dünýädäki abraýynyň belende göterilmegine uly goşant goşmagyny dowam etdirjekdigine tüýs ýürekden ynanýaryn.

Döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde durnukly ösdürilýär. Gazagystan we Türkmenistan iki halkyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de pugtalandyrmak üçin berk binýady döretdi.

Şu şanly günde, hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, jogapkärli işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin!

Iň gowy arzuwlar bilen,

Alihan Smailow,

Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň adyndan we hut öz adymdan Sizi doglan günüňiz bilen gutlaýaryn.

Ýokary derejedäki sowatlylygyňyzyň, işiňize ussatlygyňyzyň, zähmetsöýerligiňiziň, döwlet häkimiýetiniň ýokary edaralaryndaky uly iş tejribäňiziň Size çylşyrymly jogapkärli wezipeleri çözmekde mundan beýläk-de ýardam etjekdigine ynanýaryn. Siz Türkmenistanyň halkynyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işleriňiz netijesinde watandaşlaryňyzyň arasynda belent hormata mynasyp bolduňyz.

Federasiýa Geňeşinde Russiýanyň we Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine uly ähmiýet berilýär, köptaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň ösdürilmegi ugrunda ähli tagallalar edilýär. Ýurtlarymyzyň dostlukly gatnaşyklary ynanyşmagyň hem-de özara düşünişmegiň täze derejesine çykdy. Şunda parlamentarilere uly orun degişlidir. Ýurduňyzyň ýolbaşçylarynyň kanun çykaryjylyk ulgamynda gatnaşyklaryň ösdürilmegine berýän ünsüne we goldawyna ýokary baha berýäris. Öz tarapymdan yhlasly işlemek bilen, bilelikdäki taslamalary, başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdigimize Sizi ynandyrmak isleýärin.

Myhmansöýer Aşgabada saparymy hem-de Türkmenistanyň paýtagtynyň gözelligi we özboluşlylygy baradaky örän ýakymly täsirleri gursagymda saklap, mähir bilen ýatlaýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, rowaçlyk we egsilmez güýç-kuwwat arzuw edýärin! Goý, geljekde-de Siziň ähli başlangyçlaryňyz amala aşsyn, ýakynlaryňyzyň hem-de pikirdeşleriňiziň goldawy bolsa täze üstünliklere ruhlandyrsyn! Size we Siziň maşgalaňyza parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Siz Federasiýa Geňeşinde hemişe arzyly myhmansyňyz.

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Walentina Matwiýenko,

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüş ýoly bilen öňe barýar, halkara derejede möhüm orun eýeleýär. Dünýä giňişliginde belent abraýdan peýdalanýar.

Astrahan oblasty bilen Türkmenistanyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hem-de ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berýändigiňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Ýola goýlan oňyn gatnaşyklaryň geljekde-de hyzmatdaşlygymyzyň pugtalandyrylmagyna doly derejede ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç, şu şatlykly günde Size berk jan saglyk, abadançylyk, Türkmenistanyň halkynyň bähbidine ähli meýilnamalaryňyzyň we başlangyçlaryňyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Igor Babuşkin,

Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Siziň doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny, döwlet Baştutany wezipesinde ähli başlangyçlaryňyzda uly üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa Siziň parasatly baştutanlygyňyzda rowaçlyk we ösüş arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Siziň doganyňyz,

Faýsal bin Naser bin Hamad Al Tani,

Katar Döwletiniň şeýhler maşgalasynyň agzasy.