Şu gün irden Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Ýaponiýa ugrady.
Saparyň maksatnamasy boýunça Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýada birnäçe duşuşyklary, şol sanda bu ýurduň Premýer-ministri, parlamentiniň wekilleri, käbir öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer.
Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz Ýaponiýada döwlet derejesinde geçiriljek matam çäresine gatnaşar.
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu iş sapary Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekde has-da ösdürilmegine itergi berer.