Ï Watan goragçylary üçin
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watan goragçylary üçin

view-icon 8937
Watan goragçylary üçin
Watan goragçylary üçin
Watan goragçylary üçin
Watan goragçylary üçin
Watan goragçylary üçin
Watan goragçylary üçin
Watan goragçylary üçin
Watan goragçylary üçin
Watan goragçylary üçin
Watan goragçylary üçin
Watan goragçylary üçin
Watan goragçylary üçin
Watan goragçylary üçin
Watan goragçylary üçin
Watan goragçylary üçin
Watan goragçylary üçin
Watan goragçylary üçin
Watan goragçylary üçin

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllyk baýramy mynasybetli Balkanabat şäherinde merdana Watan goragçylaryny buýsandyran ýene bir şanly waka – milli Ýaragly Güýçlerimiziň harby bölüminiň täze binalar hem-de desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

Dabara belentden ýaňlanan döwlet Senamyz bilen başlandy. Bu ýerde 200 orunlyk esgerler ýatakhanasynyň, 100 orunlyk esgerler naharhanasynyň açylşy uly ruhubelentlige, aýratyn ähmiýete beslendi. Soňra bolsa dabara gatnaşyjylar – harby gullukçylar, il sylagly ýaşulular, ak saçly mährem eneler hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri desgalar bilen tanyşdylar.

Täze gurlup, ulanylmaga berlen, ähli zerur şertler we amatlyklar bilen üpjün edilen esgerler ýatakhanasy özüniň giňligi, döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Bu ýerde döwrebap Galkynyş otagy, serkerdeleriň iş otaglary, durmuş taýdan hyzmat ediş otaglary, dellekhana, goş saklanylýan ýörite otaglar bolup, olarda zerur bolan ähli mümkinçilikler döredilipdir. Esgerleriň sport bilen meşgullanmagy üçin hem sport eginbaşlary doly üpjün edilipdir. Binanyň ýyladyş we sowadyş ulgamlary, türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilen mebeller bilen bezelmegi, döwrebap kompýuter enjamlarynyň bolmagy onuň döwrebaplygyny has-da artdyrýar.

Tanyşlygyň dowamynda dabara gatnaşyjylar esgerleriň multimediýa tagtasy bilen enjamlaşdyrylan Galkynyş otagynda okuw sapagyny geçip oturan pursatlaryna hem syn etdiler. Şeýle-de olar tanyşlygy döwrebap esgerler naharhanasynda dowam etdirdiler. Täze binalar toplumynyň naharhanasy häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelip, bu ýerde nahar taýýarlamak hem-de azyk, et, un we beýleki önümleri talabalaýyk saklamak üçin ýörite otaglar, ammarlar bar. Döwrebap naharhanada ösen häzirki zaman sowadyş we ýyladyş ulgamlary hem-de nahar taýýarlamak işini ep-esli ýeňilleşdirjek kuwwatly, kämil tehnologiýalar bar. Şonuň ýaly-da naharhanada Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýanyndaky Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýeti tarapyndan ýetişdirilýän ýokary hilli önümlerden ýokumly tagamlar taýýarlanylýar.