mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Çelýabinsk oblastyndan döredijilik sowgady – tans ansamblynyň konserti

view-icon 2510

camera-icon
Wýaçeslaw Sarkisýan

Russiýa Federasiýasynyň Çelýabinsk oblastynyň gubernatory Alekseý Leonidowiç Teksleriň biziň ýurdumyza dostlukly saparynyň çäginde Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda “Ural” Döwlet tans ansamblynyň konserti geçirildi. Konsertiň öňýany Türkmenistanyň we Çelýabinsk oblastynyň medeniýet ministrleri tomaşaçylara halklarymyzyň arasyndaky berkeýän dostlugy beýan edýän çykyşlary bilen ýüzlendiler.

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösmegine uly goşant goşany üçin, Türkmenistanyň halk artisti, Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň skripka ansamblynyň çeper ýolbaşçysy Garold Isakowiç Neýmarka “Puşkin” medalyny gowşurdy.

Konsert manysy boýunça şunuň ýaly ýakymly pursada geň galdyryjy derejede gabat gelýän “Dostluk çemeni” atly horeografik kompozisiýa bilen başlandy.

Reňkleriň, sazyň, çeýeligiň we çakganlygyň jadylaýjy täsiri tomaşaçylaryň keýpini göterip, tansdan- tansa geçdi. Tomaşaçylar we çagalar tomaşaçy hatarlarynyň arasynda tans meýdançasyny döretdiler.

“Ural” tans ansambly 1980-nji ýylda döredilip, Günorta Uralyň tanyşlyk kartyna öwrüldi. “Ansambl şu döwrüň içinde ähli ýurtlarda diýen ýaly bolup gördi. 35 ýyl mundan ozal “Ural” ansamblynyň tansçylary Merkezi Aziýa respublikalaryna, şol sanda Türkmenistana-da sapar bilen gelipdir. Toparymyzyň halypa tansçylarynyň ýatlamalaryna görä, Aşgabat tanalmaz derejede özgeripdir. Biz Türkmenistanyň ajaýyp ak mermer paýtagty hakda köp okaýardyk, indi bolsa özümiz munuň gözli şaýady bolup durus. Üstesine-de, siziň howaňyz maýyldan ýakymly, tomaşaçylaryňyz bolsa hoşniýetli we ajaýyp, olaryň öňünde çykyş etmek uly lezzet!” diýip, ansamblyň çeper ýolbaşçysy Swetlana Borisowna Lukina söhbetdeşlikde aýtdy.