mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

view-icon 1972
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Myhman bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny ýetirdi hem-de şu baýramçylyk günlerinde Aşgabada gelip görmek mümkinçiligine örän şatdygyny nygtady. Tatarystan Respublikasynda Türkmenistanyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, bu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeler esasynda ýeten belent sepgitleriniň uly buýsanç bilen kabul edilýändigi bellenildi. Tatarystanyň Prezidenti döwlet Baştutanymyzy hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bilen mähirli gutlap, doganlyk türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz gutlaglar hem-de hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine mähirli salamyny ýetirdi hem-de Tatarystandaky dostlarymyzyň şatlygymyzy paýlaşmaklarynyň, ýurdumyzyň baş baýramyna bagyşlanan çärelere gatnaşmaklarynyň örän ýakymlydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz häzirki günde hil taýdan täze derejä çykarylan dostlukly türkmen-tatar gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna berýän ünsi üçin Prezident Rustam Minnihanowa minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky netijeli döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän hem-de ugurlaryň giň gerimini öz içine alýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alşyldy. Şunda türkmen hem-de tatar halklaryny taryhyň dowamynda kemala gelen medeni, ruhy gymmatlyklaryň, nesilden-nesle geçip gelýän özboluşly däpleriň umumylygynyň birleşdirýändigi bellenildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky köpýyllyk gatnaşyklar netijeli özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibinde söwda-ykdysady gatnaşyklara möhüm orun berilýär. Soňky döwürde bu gatnaşyklara täze itergi berildi. Hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň ugurlary kesgitlenildi, işewür düzümleriň ugry boýunça göni gatnaşyklar depginli ösdürilýär.

Tatarystanyň işewür toparlary geljegi uly türkmen bazaryndaky öz orunlaryny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýärler. Ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýy hem-de netijeli işlemek üçin ähli şertler döredildi. Hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler Türkmenistanda amala aşyrylýan we milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmaga, pudaklaýyn düzümleri düýpli döwrebaplaşdyrmaga, bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleriň täze önümçiliklerini döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler bilen şertlendirilendir.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyny ynsanperwer ulgamdaky ozaldan gelýän netijeli gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygy nygtaldy. Şunda ylym, bilim we medeniýet ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygyň baý tejribesi toplanyldy, asylly däpler ýola goýlup, häzirki günde-de mynasyp dowam etdirilýär.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow ikitaraplaýyn gatnaşyklara mahsus bolan özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmek üçin mundan beýläk-de pugta binýat boljakdygyna ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, üstünlik, doganlyk türkmen we tatar halklaryna bolsa rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler.