Ï Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar

view-icon 3408

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident, gadyrly doganym!

Türkiýe Respublikasynyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we doganlyk türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Biz ýurdumyzyň 31 ýyl mundan ozal Türkmenistanyň — ata Watanymyzyň Garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji döwlet bolandygyna buýsanýarys we munuň üçin özümizi bagtly saýýarys. Geljekde-de özara syýasy erk-isleg hem-de uly gujurlylyk bilen berkidilen gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn esasda, şeýle-de sebit we halkara derejelerde ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagt we üstünlik, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, abadançylyk arzuw edýärin.

Rejep Taýyp Ärdogan,

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Italiýa Respublikasynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size we dostlukly türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Biziň barha ösýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň, şol sanda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň çäklerinde özara gyzyklanma bildirilýän ähli ulgamlarda, şol sanda sebit meseleleri boýunça geljekde-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Şu arzuwlarymy beýan etmek bilen, Sizi hem-de ähli türkmenistanlylary dabaraly baýramçylyk mynasybetli ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Serjio Mattarella,

Italiýa Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Size Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Özygtyýarly ösüş ýyllarynda doganlyk Türkmenistan döwletliligini pugtalandyrmakda, durmuş-ykdysady ösüşde hem-de halkara abraýyny berkitmekde uly üstünlikleri gazandy we ösüş ýoly bilen öňe tarap ynamly hereketini dowam etdirýär. Täjigistan halklarymyzyň bähbidine täjik-türkmen dostlukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna berk ygrarlydyr.

Şu dabaraly günde Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Emomali Rahmon,

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Azerbaýjan halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size we ýurduňyzyň halkyna Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy iberýärin.

Häzirki wagtda doganlyk Türkmenistanyň durnukly, okgunly ösüş ýoly bilen öňe barýandygy we syýasy, ykdysady, durmuş hem-de beýleki ugurlarda uly üstünlikleri gazanýandygy bizi begendirýär. Umumy ahlak gymmatlyklary, ruhy-medeni kökler, tutuş taryhyň dowamynda hoşniýetli goňşuçylyk we özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda ýaşaýan biziň halklarymyzyň erk-islegi azerbaýjan-türkmen gatnaşyklarynyň binýadyny emele getirýär.

Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň soňky 30 ýylyň dowamynda barha ýokary ösüşe eýe bolmagy hem-de strategik hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine çykarylmagy bizde uly kanagatlanma duýgusyny döredýär. Biz gatnaşyklarymyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýäris. Bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak bilen, geljekde-de ýurtlarymyzyň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyny gazanjakdygymyza ynanýaryn.

Şu şanly günde Size berk jan saglyk, bagt we üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Ilham Aliýew,

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Gruziýanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Şu şanly günde biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilýändigini bellemek meniň üçin ýakymlydyr. Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy ähli uly mümkinçiliklere eýedir. Biziň şol mümkinçilikleri doly durmuşa geçirmek hem-de dostlukly gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmak üçin üstünlikli hyzmatdaşlyk etjekdigimize ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygymy ýene bir gezek tassyklaýaryn hem-de Size berk jan saglyk we döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin!

Salome Zurabişwili,

Gruziýanyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňizi we ýurduňyzyň halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Eýran Yslam Respublikasy we Türkmenistan iki goňşy, dostlukly we doganlyk ýurtlar hökmünde hyzmatdaşlygy berkitmek üçin netijeli tagallalary etmäge hemişe ygrarlydyrlar. Biziň halklarymyzyň abadançylygynyň, rowaçlygynyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldiljekdigine umyt edýärin.

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize hem-de Siziň maşgalaňyza berk jan saglyk, üstünlik, Türkmenistanyň ruhubelent halkyna bolsa ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.

Seýed Ebrahim Raisi,

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi we Türkmenistanyň doganlyk halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bilen gutlamak mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Pakistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar umumy taryhy, ruhy we medeni kökleriň jümmüşinden gözbaş alýar. Biz iki ýurduň halklarynyň bähbidine gatnaşyklarymyzy has-da pugtalandyrmaga ygrarlydyrys.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we abadançylyk, Türkmenistana mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Arif Alwi,

Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Size hem-de ýurduňyzyň halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglarymy beýan edýärin.

Size berk jan saglyk, üstünlik, türkmen halkyna bolsa ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.

Kim Çen Yn,

Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Palestina Döwletiniň, halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize we türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, Size berk jan saglyk hem-de abadançylyk, türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk baradaky arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.

Biziň doganlyk halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýändigimi bellemek isleýärin.

Iň gowy arzuwlar bilen,

Mahmud Abbas,

Palestina Döwletiniň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Owganystanyň halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňize we doganlyk türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn.

Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna hem-de hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasaty alyp barmak bilen, dostlukly ýurt hökmünde Owganystany hemişe goldaýar. Owganystan dostlukly ýurduň eýeleýän oňyn ornuny goldaýar we iki goňşy döwletiň arasynda dürli ulgamlardaky ýokary derejedäki gatnaşyklary işjeňleşdirmegi hem-de pugtalandyrmagy ugur edinýär.

Soňky ýylyň içinde biz syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarda düýpli ikitaraplaýyn üstünlikleriň şaýady bolduk. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary, demir ýollar ulgamy ýaly bilelikdäki ykdysady taslamalary durmuşa geçirmek işleri üstünlikli ilerledilýär. Owganystanyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary dostlukly Türkmenistanyň degişli düzümleri bilen ýokarda görkezilen taslamalary üstünlikli amala aşyrmak üçin ýakyndan hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklaýarlar.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, abadançylyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Alhaj Molla Mohammad Hasan Ahund,

Owganystanyň Hökümetiniň Başlygy.